SanDisk kompaniýasy täze «SanDisk Extreme Fit USB-C Flash Drive» atly fleşkasyny hödürledi. Kompaniýanyň beýanynda bellenilişi ýaly, bu model dünýäniň iň kiçi 1 terabaýtlyk USB-C enjamydyr. Täze «SanDisk Extreme Fit USB-C Flash Drive» fleşkasynyň 1 TB-lyk görnüşi 120 dollar baha bilen, eýýäm dünýäniň birnäçe ýurdunda satuwa çykaryldy.
Ölçegi we agramy
Ölçegleri diňe 18,50 × 15,70 × 13,60 mm, agramy bolsa bary-ýogy 3 gramm. Ol noutbuka ýa-da planşete aňsatlyk bilen birikdirilýär we daşyna çykyp durmaýar.
SanDisk kompaniýasynyň maglumatyna görä, fleşka USB-C portuna berk ornaşýar, şonuň üçin ol enjam göterilende-de, sumka ýerleşdirilende-de portda galyp bilýär.

Tehniki aýratynlyklary
Interfeýs: USB 3.2 Gen 1
Okamak tizligi: 400 MB/s-a çenli (128 GB-dan 1 TB-a çenli modellerde). Ýöne bu fleşka uly bitreýtli wideo ýazgysyny (meselem, iPhone-daky 4K 120 fps ProRes görnüşli ýazgyny) ýazmaga niýetlenmedikdir.
Ulgam laýyklygy:
- Windows 10 we ondan ýokary
- macOS 12 we ondan ýokary
- iPadOS 15 we ondan ýokary
Goşmaça mümkinçilikler
SanDisk kompaniýasy Memory Zone atly ýörite programmany hem döredipdir. Ol Windows we Mac ulgamynda işleýär we faýllary dolandyrmaga, ätiýaçlyk nusgalaryny döretmäge, enjamlaryň boş ýadyny arassalamaga kömek edýär. Bu programma maglumatlary awtomatiki ätiýaçlandyrma funksiýasyny hem ýerine ýetirip bilýär.

Elýeterli sygymlar
«SanDisk Extreme Fit USB-C Flash Drive» fleşkasynyň 64 GB, 128 GB, 256 GB, 512 GB we 1 TB sygymly görnüşleri bar.



