«Sanly sowatlylyk» düşünjesi hemişelik hereket edýän kategoriýalaryň biridir. Bu düşünje täze sanly
tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze tejribeleri we başarnyklary öz içine almak bilen yzygiderli üýtgeýär
we barha giňelýär.
Sanly sowatlylyk — häzirki zaman dünýäsinde, sanly tehnologiýalary we internet çeşmelerini ygtybarly we
netijeli ulanmak üçin gerek bolan zerur bilimleriň, başarnyklaryň we ukyplaryň toplumydyr. Şeýle-de,
dünýäde sosial torlardaky öwrülişikler, sanly sowatlylyga düşünmeklik çalt depginde ösýär, internet
tehnologiýalarynyň ulanylyşy barha giňelýär. Häzirki zaman dünýäsinde sanly sowatly bolmaklyk nämäni
aňladýar?
QR kody näme? Näme edýär? Nirede ulanmaly? Nädip skanirlemeli?
Ol ähli adamlara, esasan hem ösüp barýan ýaşlara, mekdep okuwçylaryna köp sanly maglumatlary çalt
tapmaklyga; baglanyşykly tekstleriň çylşyrymly ýygyndylary arkaly maglumat bilen tanşyp, özleriniň şahsy
okaýyş algoritmini döretmäge; giňden tapawutlanýan pikirler bilen tejribe ugurlarynyň arasynda
baglanyşyk döretmäge; sözleri, grafikalary, wideolary we sesleri özünde jemleýän multimediýa
resminamalaryny döretmeklige; şahsy maglumatlary beýlekiler tarapyndan nädogry ulanylmakdan
goramaga mümkinçilik berýär.
Banu JIÝANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyşhana hojalygy
hünäriniň 1-nji ýyl talyby