Huawei kompaniýasy adaty gajetlerden tapawutlanýan täze enjam — Smart Hanhan akylly ýumşak oýnawajy tanyşdyrdy. Bu diňe bir interaktiw haýwan däl, eýsem çagalaryň emosional ýagdaýyny goldamak üçin niýetlenen, integrirlenen emeli aňly enjamdyr.

Smart Hanhan akylly ýumşak oýnawajynyň baş aýratynlygy — diňe ses buýruklaryny ýa-da sözleri däl, eýsem çaganyň duýgularyny hem tanap bilmeginden ybaratdyr.
Oýnawaç çaga goldaw berip, onuň begenç ýa-da gynanç duýgularyna jogap berip bilýär. Şeýlelikde, hakykatdanam duýgudaşlykda bolup bilýän dost täsirini döredýär.

Ses arkaly gatnaşygyň daşyndan, Hanhan El hereketleri we degmegi hem tanap bilýär. Çaga oýnawajy silkip ýa-da sypalap biler, oýnawaç bolsa diri haýwan ýaly emosional täsiri görkezýär. Enjam 1800 mA·s akkumulýator bilen üpjün edilýär. Ol sekiz sagada çenli işjeň ýagdaýda işläp bilýär ýa-da garaşma ýagdaýynda iki güne çenli saklanýar.
Täze önümiň bahasy 56 dollar.



