Hususy eýeçilige degişli kosmos gämisinde ilkinji kosmos «ýörişi» amala aşyryldy. «SpaceX» kompaniýasynyň «Polaris Dawn» atly missiýasynyň çäklerinde 4 adam Ýeriň orbitasyna çykaryldy. Bu barada «telegraf.news» web saýty habar berdi.
«SpaceX» kompaniýasynyň «Polaris Dawn» atly missiýasyny amerikan işewüri, milliarder Jared Aýzekman maliýeleşdirdi. Ýaňy-ýakynda – 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda işewüriň ýany bilen uçarman Skott Potit, «SpaceX» kompaniýasynyň inženerleri Anna Menon bilen Sara Gillis hem kosmosa gitdi. Bu topar «Dragon» kosmos gämisi bilen 732 kilometr belentlige çykdylar. Kosmosda 5 güne golaý bolan astronawtlar dürli tejribeleri geçirdiler. Syýahatyň dowamynda ilki Aýzekman, soňra Gillis kosmos gämisiniň daşyna çykdylar.