Şweýsariýanyň «Stadler» kompaniýasy demir ýol ulaglary pudagynda öwrülişikli ösüşi – elektrik we wodorod bilen işleýän «RS ZERO» ýolagçy elektrik otlusyny hödürledi. Bu barada «3dnews.ru» neşiri habar berdi.
Meşhur «Stadler RS1» birleşmesine esaslanan täze model elektrikleşdirilen we elektrikleşdirilmedik liniýalarda işlemek üçin niýetlenendir. Gibrid tehnologiýa «RS ZERO»-a uglerod galyndysyz hereket etmäge mümkinçilik berýär we bu ekologiýa taýdan arassa ulag üçin iň oňat çözgütdir.
Prototip häzirki wagtda bir wodorod hereketlendirijisi bilen işleýär, ýöne goşa hereketlendiriji görnüşi hem işlenip düzülýär.
«RS ZERO» ýolagçy elektrik otlusynyň birinji görnüşi bir zarýadda 700 km-e, ikinji görnüşi bolsa bir zarýadda 1000 km-e çenli ýol geçip biler. Otlynyň iň ýokary tizligi sagatda 120 km.
Işläp düzüjiler «RS ZERO» modelini elektrikleşdirilmedik liniýalara hyzmat edýän sebit operatorlary üçin amatly görýärler. «3dnews.ru» neşiriniň habar bermegine görä, Germaniýadaky demirýollaryň takmynan 38 göterimi we Ýewropadakylaryň bolsa 43 göterimi elektrikleşdirmedikdir.
Şweýsariýanyň «Stadler» kompaniýasy «RS ZERO» atly sessiz we ekologiýa taýdan arassa hereket bilen tanyşdyryp, dizel otlularyna ekologiýa taýdan arassa alternatiwany hödürleýär.