Digital Chat Station, geljekki Huawei Nova 15 hatarynyň — Huawei Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra modelleriniň mümkin bolan häsiýetnamalaryny paýlaşdy.
Şu maglumatlara görä, Nova 15 smartfonynyň esasy modelinde 6,7 dýuým ekran, Nova 15 Pro smartfonynda bolsa birneme ulurak 6.84 dýuým ekran bilen enjamlaşdyrylar. Iki smartfonyň hem 1.5K durulykly LTPO OLED displeýini ulanmagyna garaşylýar.
Nova 15 Pro smartfonynyň öň ýüzündäki kamera iki sany — 50 Mp we 8 Mp datçikli bolup biler, adaty Nova 15 bolsa diňe 50 Mp moduly alar.
Nova 15 Pro smartfonynyň yzky panelinde 50 Mp esasy, periskopik obýektiwli 50 Mp modul we ultra giňburçly kamera bolar. Şeýle-de, kompaniýa tarapyndan, adatça, reňki takyk bermek we pes ýagtylykda surata düşürmek üçin ulanylýan “multispektral datçik” hem agzalyp geçilýär.
Gürrüňlere görä, esasy we Pro wersiýa hem täze bir kristally Kirin 8 ulgamynda işlär. Nova 15 Ultra bolsa kuwwatly Kirin 9 çibine we 1/1,3 dýuýmlyk uly 50 Mp esasy sensora eýe bolar. Modelleriň üçüsi-de 6000 mA/sag-dan gowrak sygymly akkumulýator bilen enjamlaşdyrylar.
Smartfonlaryň 2026-njy ýylyň başynda hödürlenmegine garaşylýar.




