Täze «iPhone» smartfonlarynyň ýakynda tanyşdyrylandygyna garamazdan, önümler baradaky täze maglumatlar yzygiderli ýaýradylyar. Bu barada «hi-tech.mail.ru» neşiri habar berdi.
Soňky habarlara görä, täze smartfonlaryň akkumulyatorlaryny çalyşmagyň bahasy geçenki nesiller bilen deňeşdireniňde 20 göterim gymmatlar. Onuň sebäbi, täze enjamda ulanylýan akkumulyatorlaryň täze nesildigi bilen düşündirilyär. Şeýle-de kompaniýanyň ätiýaçlyk şertlerine laýyklykda, aýratyn ýagdaýlarda täze smartfonlaryň akkumulyatorlary mugt hem çalşylyp bilner. Emma onuň üçin bellenilen möhletde enjamyň akkumulyatorynyň zaryad saklaýyş ukyby 80 göterimden aşak düşmeli bolar.
Häzirki wagtda smartfonlaryň satuwynyň resmi başlanandygy hem habar berilýär.




