Awtoulag dünýäsiniň lýuks segmentiniň “baýdak göterijisi” hasaplanýan Mercedes-Benz S-Klasy, taryhyndaky iň giň gerimli täzelenmäni aldy. Karl Benz-iň awtoulagy oýlap tapmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan bu täze modelde, ulagy emele getirýän şaýlaryň 50%-den gowragy doly täzelendi.
Ine, täze S-Klasyň ünsi çekýän “akylly” aýratynlyklary:
Gijäni gündize öwürýän yşyklar

Ulagyň daşky dizaýnynda ilkinji göze ilýän üýtgeşiklik – öňki modellerden 20% has uly we ýagtylandyrylan ýyldyzly gözenek (reşýotka). Täze “Digital Light” tehnologiýasy we mikro LED-ler arkaly yşyklandyryş meýdany 40% giňeldildi. “Ultra Range” uzyn faralar bolsa, garşydan gelýän sürüjiniň gözüni gamaşdyrman, 600 metre çenli aralygy aýdyň görmäge mümkinçilik berýär.
“Ýöreýän Superkompýuter”: MB.OS we Emeli Aň
Ulagyň beýnisi, Mercedes-iň öz işläp düzen MB.OS işletim ulgamydyr. Bu ulgam, ulagy adeta bir superkompýutere öwürýär. Iň wajyp täzelik bolsa emeli aňda: MBUX Sanal Kömekçisi, indi ChatGPT we Google Gemini ýaly ösen dil modellerini ulanýar. Bu bolsa sürüjä ulag bilen edil adam ýaly tebigy gepleşmäge mümkinçilik berýär.
Ýokary Derejeli Komfor we Howpsuzlyk
MBUX Superscreen: 14,4 dýuýmlyk merkezi ekran we ýolagçy ekrany ýeke-täk aýna astynda birleşdirilip, geljegiň dizaýnyny hödürleýär.
Gyzgyn Kemerler: Howpsuzlyk kemerleri indi 44 derejä çenli gyzyp bilýär.
Arassa Howa: Kabina howasy her 90 sekuntdan bir ionlaşdyrylyp arassalanýar.
Gibrid Güýji: Täze model, elektrikli modunda 100 km menzil (ýol) geçip bilýän gibrid opsiýasyny hem hödürleýär.


