«Xiaomi»-niň täze nesil planşeti — «Xiaomi Pad 9» seriýasy baradaky maglumatlar paýlasşyldy. Bu seriýa iki modelden — Pad 9 we Pad 9 Pro görnüşlerinden ybarat bolar. Ýöne, Pro modeliniň dünýä bazaryna çykarylmazlygy mümkin.
«Xiaomi» kompaniýasy «Xiaomi Pad 8» seriýasyny Hytaýda hödürläninden gysga wagt soň, indiki ädimine taýýarlyk görüp başlady. «XiaomiTime» saýtynyň täze habaryna görä, kompaniýa eýýäm «Xiaomi Pad 9» seriýasynyň üstünde işleýär. Adatdakysy ýaly, iki modelden («Xiaomi Pad 9» we «Xiaomi Pad 9 Pro») ybarat boljak bu seriýa maglumat bazalarynda häzirden «Erhu” we «Gitar” kod atlary bilen peýda boldy. Bu atlar,«Xiaomi»-niň öňki nesillerde ulanýan saz guraly temaly at dakmak däbini dowam etdirýändigini görkezýär.
Maglumatlara görä, «Xiaomi Pad 9» seriýasy Ýaponiýadan başga köp sanly halkara bazarlarda satuwa çykarylar. Ýöne, «Xiaomi Pad 9 Pro» modeliniň Türkiýe ýaly birnäçe ýurtda resmi taýdan satuwa çykarylmazlygy mümkin. Täze planşetleriň tehniki aýratynlyklary entek doly anyk däl, ýöne häzirki «Xiaomi Pad 8» seriýasyna seredip, täze nesilden näme garaşylýandygyny çaklamak bolýar.
- «Xiaomi Pad 8»: 144 Hz täzeleniş tizligine eýe bolan 11,2 dýuým 3,2K LCD ekran, Dolby Vision goldawy we TÜV göz goragy şahadatnamasy bilen gelýär. Enjam Snapdragon 8s Gen 4 prosessory bilen işleýär we 45W çalt zarýad goldaýan 9.200 mAh batareýa bilen enjamlaşdyrylan.
- «Xiaomi Pad 8 Pro»: Snapdragon 8 Elite (3nm) prosessor, 50 megapiksel esasy kamera we 67W çaltzarýad mümk inçilikleri bilen tapawutlanýar. Şeýle hem 4K wideo ýazgy, köp enjam bilen birleşme we şöhle garşy mat ekran ýüzü ýaly aýratynlyklary bar.
Täze nesil «Xiaomi Pad 9» seriýasy baradaky maglumatlar takyklaşanda, täze maglumatlary size ýetireris.




