Hytaýda FAW Toyota kärhanasynyň bilelikdäki önümçiligi bolan täzelenen Toyota Corolla Cross krossoweriniň satuwy başlandy. Bahalar 126,8 müňden 159,8 müň ýuana çenli (takmynan 17 800–22 500 dollar) aralykda üýtgeýär. Ýöne ýylyň ahyryna çenli arzan baha goýuldy: esasy görnüş bary-ýogy 96,8 müň ýuana (takmynan 13 600 dollar). Diýmek, Hytaýda 2,0 litrlik hereketlendirijili we wariatorly geçiriji enjamy bolan Toyota Corolla Cross, Russiýadaky 1,6 litrlik hereketlendirijili we mehaniki geçiş hadysaly (transmissiýaly) Lada Grantanyň bahasy bilen deň diýen ýaly.
Täzelenen Toyota Corolla Cross iki dürli hereketlendiriji ulgam bilen hödürlenýär:
- Esasy görnüş — 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijili,
- Ýokary görnüş — elektrik-mehaniki wariatorly gibrid ulgam, sarp edişi 100 km üçin 4,56 litr.
Salonynyň içinde 12,9 dýuýmlyk ekranly media ulgamy we 8,8 dýuýmlyk sanly gurallar paneli ýerleşýär. Awtoulag iki reňkli interýer bezegi, 50 watt kuwwatly simsiz telefon zarýad enjamy hem-de akylly ses dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan.
Ähli bezeg derejelerinde Toyota Pilot howpsuzlyk ulgamlary toplumy bardyr. Oňa awtomatiki tormoz tutuş, uýgunlaşdyrylan kruiz dolandyryşy, zolagy saklamak kömekçisi we EDSS gyssagly saklanyş ulgamy girýär.



