Tehnologiýa dünýäsiniň iň kuwwatly ägirdi bolan «Apple» korporasiýasynda garaşylmadyk taryhy özgertme bolup geçýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda dünýäniň iň täsirli ýolbaşçylarynyň biri, korporasiýanyň baş direktory Tim Kuk öz wezipesinden gidýär. Bu baradaky resmi habar kompaniýanyň saýtynda peýda bolan pursadyndan bäri dünýä metbugatynyň iň esasy mowzugyna öwrüldi.
Kukuň mizan-terezi ýaly takyk we ägirt uly üstünliklere beslenen dolandyryş döwri tamamlanýar. Emma «Apple»-iň geljegi ygtybarly gollarda: täze baş direktor wezipesine kompaniýada çärýek asyr (25 ýyl) bäri yhlasly zähmet çekip gelýän, «iPhone» we «Mac» ýaly enjamlaryň arkasyndaky esasy ynsan — Jon Ternus bellenilýär.
Tim Kukuň ak patasy: «Jon kompaniýany öňe äkitmäge ukyply»
Ýolbaşçylyk wezipesiniň çalşylmagy ýöne bir kadr çalşygy däl-de, eýsem uly ynamyň we professional kämillygiň nusgasydyr. Tim Kuk öz ornuny ynamly goýup gidýän şäwirdi barada şeýle diýýär:
«Jon Ternus — soňky 25 ýylyň dowamynda «Apple» kompaniýasynyň iň kämil enjamlaryny döreden we taýýarlan şahsyýetdir. Ol bu belent wezipede işlemäge doly mynasyp. Jonuň kompaniýany täze sepgitlere, has uly üstünliklere äkitmäge ukyby we başarnygy ýeterlikdir. Onuň menden soň baş direktor boljakdygyna tüýs ýürekden guwanýaryn.»
Tim Kuk eýýamy: 350 milliarddan 4 trillion dollara çenli ösüş
2011-nji ýylda rowayata öwrülen Stiw Jobsuň ornuna bellenen Tim Kuk ilki başda köp sanly tankytçylaryň gorkusy we ikirjiňlenmesi bilen ýüzbe-yüz boldy. Sebäbi Jobsuň ýiti zehininiň ornuny tutmak gap-gara garaňkylykda ýol tapmak ýaly kyn görünýärdi. Emma Kuk diňe bir Jobsuň galdyran mirasyny gorap saklaman, eýsem kompaniýanyň girdejisini akyl haýran galdyryjy derejelere ýetirmegi başardy.
«The New York Times» neşiriniň ýazmagyna görä, Kukuň ýolbaşçylygynda:
Kompaniýanyň kapitaly 350 milliard dollardan akylhaýran galdyryjy 4 trillion amerikan dollaryna ýetdi.
«Apple» diňe bir smartfon öndürijisi bolman, dünýä ykdysadyýetiniň iň uly güýjüne öwrüldi.
Hindistan, Hytaý we Braziliýa ýaly ägirt uly bazarlarda strategik şahamçalar açyldy we önümçilik zynjyrgysy giňeldildi.
1-nji sentýabr tehnologiýa taryhynda ýöne bir senenama güni bolman, eýsem «Apple» korporasiýasynyň Jon Ternus bilen başlanjak täze we has sanly eýýamynyň gapysy bolar.



