Häzirki wagtda telefonsyz durmuşy göz öňüne getirmek kyn. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen içindäki komponentler şowsuz bolup biler ýa-da nädogry ulanmak sebäpli enjamyň gyzmagyna sebäp bolýar. Bu bolsa howpsuzlyga hem täsir edýär.
Aşakda smartfonyň gyzmagyna sebäp bolýan esasy sebäpler we olary ýok etmegiň ýollary görkezilýär:
- Ýokary prosessor ýük: Bir wagtyň özünde köp programma açylanda, smartfon gyzýar.
Çözgüdi: Ekran (Fon) programmalaryny ýapmaly, enjamy 10-15 minut dynç bermeli!
- Daşarky faktorlar: Gün şöhlesi, jübiňde ýa-da sumkada uzak saklanmak hem gyzdyrmaga sebäp bolýar.
Çözgüdi: Telefony göni gün şöhlesinde goýmaly däl, ony gowy şemalladylýan ýerde saklamaly!
- Batareýa we zarýad beriş meselesi: Nädogry ýa-da asyl däl adapter ulanmak batareýa zeper ýetirer.
Çözgüdi: Diňe dogry we ygtybarly zarýad beriji ulanmaly, zarýad berlende agyr faýllary açmaly däl!
- Wiruslar we zyýanly programma üpjünçiligi: Şübheli programmalar telefony haýalladyp, aşa gyzmagyna sebäp bolup biler.
Çözgüdi: Antivirus bilen barlamaly, gereksiz programmalary aýyrmaly we ulgamy yzygiderli täzelämeli!
- Programma üpjünçiligi meselesi: Könelişen ýa-da näsaz ulgam aşa gyzmagyna sebäp bolup biler.
Çözgüdi: Enjamy täzeden açmaly, täzelenen wersiýany gurmaly we zerur bolsa zawod sazlamalaryny dikeltmeli!
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby
Batyrowa Merjen


