Eger telefonuňyz haýal işleýän bolsa, dogry ýerdesiňiz. Ençeme ulanyjynyň işine ýarajak iň gowy çaltlandyryş usullaryny size hödürleýäris.
Her tehnologiki enjam ýaly, telefonlar hem wagt geçdigiçe könelýär we öňki tizligini ýitirýär. Bir-iki ýylyň içinde enjamyňyz öňki günlerdäki ýaly işlemeýändigini, haýallap başlandygyny duýup bilersiňiz. Şonuň üçin hem telefony çaltlandyrmak üçin dürli usullara ýüz tutmaly bolýar.
Telefony nädip tizleşdirmeli?
Biz hem şu makalamyzda telefonyňyzy täze satyn alan ýaly çaltlandyrmaga kömek etjek käbir täsirli usullaryň sanawyny size hödürleýäris. Aşakdaky usullary ulanyp, telefonuňyzyň iş öndürijiligini artdyryp bilersiňiz. Elbetde, ilkinji günkü ýaly bolmaz, ýöne belli bir derejede tizlenme görersiňiz.
Contents
Telefony täzeden açyp-ýapmak

Sanawymyza iň ýönekeý usul bilen başlaýarys. Her enjamda bolşy ýaly, telefony wagtal-wagtal täzeden açyp-ýapmak peýdalydyr. Eger telefon uzak wagt bäri öçürilmedik bolsa, haýallamanyň sebäbi şol bolup biler. Täzeden açyp-ýapmak RAM-de (ýatda) galan wagtlaýyn maglumatlary we fon (arka) işjeň programmalary arassalap, telefonyň has gowy işlemegine ýol açar.
Ýatda (depolamada) ýer boşatmak
Telefonuňyzda ýadyň gereksiz faýllar bilen dolmagy, onuň tizligine ýaramaz täsir edip biler. Ýadyň dolmagy sebäpli programmalaryň täzelenmeginde kynçylyk ýüze çykyp biler, ulgam näsazlyk döräp biler we käbir hereketler haýallap biler. Şonuň üçin peýdasyz programmalary we media faýllary (foto, wideo, ses) pozmak bilen telefonyňyzyň “dem almagyna” mümkinçilik berip, tizligini artdyryp bilersiňiz.
Fon programmalaryny ýapmak

Arka planda (fon) işleýän programmalaryň köpelmegi telefonuň energiýasyna, RAM ýadyna ýaramaz täsir edip, tizligini peseldip biler. Android ýa-da iOS ulanýandygyňyza garamazdan, fon programmalaryny ýapmak mümkin. Muny ýerine ýetirmek bilen telefonyňyzyň tizligi ýokarlanyp biler.
iOS üçin:
- “Sazlamalar” bölümini açyň.
- “Umumy” bölüme girýärsiňiz.
- “Arka planda programma täzelenmesi” diýen bölüme girip, islemeýän programmalaryň fon işleýşini öçürip bilersiňiz.
Android üçin:
- “Sazlamalar” bölümine giriň.
- “Baglanyşyklar” → “Maglumat ulanmak” bölümlerine girýärsiňiz.
- “Mobil maglumat ulanylyşy” bölümini açyň.
- Islemeýän programmalaryň fon maglumat ulanmasyny öçüriň.
Ulgamy we programmalary täzeläp duruň
Telefonyň haýallamagynyň esasy sebäplerinden biri — ulgam ýa-da programmalaryň täzelenmezligidir. Eger enjamy täzelemeýän bolsaňyz, ol köne sürüm bilen işleýär we öndürijiligi pese gaçýar. Kompaniýalar köne ulgamlara goldaw bermäni goýýar we programmalar ýuwaş-ýuwaşdan işlemezlige başlaýar. Täzelenmeleri amala aşyrmak bilen telefonyňyz has täsirli işläp başlar.
Telefony fabrika ýagdaýyna getirmek
Eger telefon hiç hili usul bilen tizlenmeýär, gaty haýal işleýär diýseňiz, iň soňky çözgüt hökmünde telefony “fabrika ýagdaýyna” getirmegi oýlanyp bilersiňiz. Bu usul arkaly ähli maglumatlar pozular we enjam täze satyn alnan ýagdaýyna dolanar. Şeýlelik bilen has ýokary öndürijilik mümkin. Ýöne bu işlemi başlamazdan öň ähli möhüm maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgasyny almak möhümdir.
Telefonyňyzy çaltlandyrmaga kömek etjek birnäçe usuly bilelikde gözden geçirdik. Eger siziň hem telefonyňyz haýallap başlan bolsa, şu usullary ulanyp bilersiňiz. Düşünjeleriňizi paýlaşmagy unutmaň!



