Adamzat taryhynyň ösüşiniň dürli döwürlerinde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň dürli usullaryndan peýdalanypdyrlar. Ekinler ösdürip ýetişdirilende diňe ekinleriň görnüşlerine bagly bolman, eýsem ekiljek ýerleriň saýlanyp alynyşy, şol ekin meýdanlaryň topraklarynyň hili, görnüşi, sebitiň howa şertleri, ekiniň ösüş döwründäki geçirilýän ideg işleri we her bir geçirilýän ekerançylyk çäreleri öz wagtynda kada laýyk geçirilmegi zerurdyr. Şonuň üçin oba hojalygynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalaryň iş mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we zähmet öndürijiligini artdyrmaga ähmiýeti has uludyr.
Has takygy bu ulgam oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde innowasion tehnologiýalar zähmeti ýeňilleşdirip önüm öndürmek üçin çykarylýan çykdajylary azaldyp, şol önümlerden alynýan girdejini ýokarlandyrmak, ösdürip ýetişdirilýän ekinleri sanly ulgam boýunça dolandyrmakdyr. Häzirki wagtda bu ulgam has-da ylmy açyşlara daýanýar. Her bir oba hojalyk işi üçin aýratyn ýerine ýetirýän takyk tehnikalar ulanylýar. Şol tehnikalaryň ählisi hem aýratyn işi ýerine ýetirseler hem bir ulgam boýunça dolandyrylýar. Bu ulgama telematika diýilýär.
Telematika türkmen diline terjime edilende tele-aragatnaşyk we matics-maglumat diýmekdir. Ol sanly maglumatlary geçiriş ulgamy bolup, iş maglumatlaryny, ekin meýdanlary üçin ulanylýan tehnikanyň ýöreýän ýollaryny yzygiderli maglumat ýadyna ornaşdyryp hem-de resminamalaşdyryp we degişli enjamlaşdyrylan ulgam arkaly traktorlara maglumatlary ugradyp hem-de yzyna kabul edip bilýär. Ähli maglumatlar ykjam aragatnaşyk arkaly enjamlardan serwere iberilýär we şol ýerde gaýtadan işlenýär we saklanýar.
Internetiň we kompýuteriň ýa-da öýjükli telefonyň kömegi bilen serwerdäki bu maglumatlary onlaýn ýa-da telematika portalynda çagyryp we derňäp bolýar, şeýle hem has giňişleýin işlemek üçin islendik umumy oba hojalygyny dolandyryş programma üpjünçiligine eksport edip bolýar. Goşmaça modul “Awtomatiki resminamalar” alnan maglumatlary gaýtadan işlenen ýerlere awtomatiki bellemäge mümkinçilik berýär. “Awtomatiki resminamalary” üpjün etmegiň ýeke-täk şerti, saýtyň ähli çäklerini telematika serwerine bir gezek eksport etmekdir. Sahypa maglumatlary elýeterli däl bolsa, telematika size howa suratlaryndan meýdan çäklerini kartalaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu ulgamyň esasy maksady ulaglaryň ähli iş mümkinçiliklerini gözegçilikde saklamak we oba hojalyk tehnikalarynyň ählisi barada takyk maglumatlary alyp hem-de olara täze ýerine ýetirmeli maglumatlary ýüklemek bolup durýar. Bu maglumatlar gysgaça şulardyr, ýagny ýangyjyň sarp edilişi, tehnikalaryň sazlygy, işiň öndürijiligi we ş.m. Bu maglumatlara aňsat we çalt girip bolýar. Ofis kompýuterinde telematika portalyny açyp, ähli oba hojalyk meýdanlarynda işiň gidişini görüp bilersiňiz. Programmanyň kömegi bilen ähli maglumatlar dolandyrylyp bilner.
Jumasähedow Bezirgen,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby