Tesla kompaniýasynyň paýdarlary kärhananyň şärikdeş esaslandyryjysy we baş direktory bolan Ilon Maska 1 trillion dollar tölemegi makullady. Bu babatda ses bermegiň netijeleri Tehasdaky ýyllyk gurultaýda yglan edildi
Paýdarlaryň 75%-den gowragy tölegiň berilmegini goldady. Ýöne Mask bu sylagy almak üçin öňde goýlan maksatlaryň ählisini ýerine ýetirmeli bolar. Mysal üçin, 10 ýylda Teslanyň robotaksi önümçiligi boýunça işini ösdürmeli we kompaniýanyň bazar bahasyny 1 trillion dollarlygyndan azyndan 8,5 trillion dollara ýetirmeli.
Şol bir wagtyň özünde, Mask Teslanyň ýolbaşçysy wezipesindäki işi üçin zähmet hakyny we bonus almaz. Munuň deregine işewür her bir kesgitlenen maksat üçin kompaniýanyň paýnamalarynyň 1%-ini alar. Ähli maksatlara ýetilen ýagdaýynda Teslanyň paýnamalarynyň 12%-i Maskyň elinde bolar. Bu paýnama bukjasynyň bahasy 1 trillion dollar diýlip hasaplanýar.
Teslanyň müdirler geňeşi höweslendiriş çäreleriniň maýadarlaryň garaşmalaryna laýyk gelýändigini belledi. Maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilen ýagdaýynda Mask, takmynan, 2 trillion dollar baýlygy bilen dünýäde ilkinji trillioner bolup biler.
“Biziň etjek bolýan zadymyz – bu Tesla-nyň geljeginde diňe bir täze sahypa däl-de, düýbünden täze kitap” – diýip, Mask Ostindäki ýygnakda paýdarlara aýtdy.
Ilon Mask dünýäde iň baý telekeçi hasaplanýar. Oktýabryň başynda ol, Forbes halkara işewürlik žurnalynyň hasaby boýunça, baýlygy 500 milliard dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy.



