TikTok wideo platformasy resmi web sahypasynda meşhur bloggerler üçin hususy «TikTok Awards» baýragyny döredendigi we bu baýragyň ilkinji gowşurylyş dabarasynyň 2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ABŞ-da geçiriljekdigi barada habar berdi.
Maglumatlara görä, bu dabaranyň ýaýlymyna TikTok goşundysynda tomaşa edip bolar. Çäräniň Ýuwaş umman wagty boýunça sagat 18:00-da (Aşgabat wagty bilen ertesi gün sagat 07:00) başlamagy meýilleşdirilýär.
Kompaniýada bellenilişi ýaly, baýrak bilen platformanyň awtorlary, trendleri we iň belli wakalary sylaglanar. Ýeňijileri TikTok ulanyjylary saýlar: ses berişlik 18-nji noýabrda başlar we 2-nji dekabra çenli dowam eder.
Jemi 14 kategoriýa göz öňünde tutulýar. «Ýylyň awtory» adyna @adamw, @alixearle, @brookemonk, @keith_lee125 we @kristy. sarah dalaş edýär. «Ýylyň öňegişligi» kategoriýasynda @alexwarren, @katseyeworld, @laufey, @ravynlenae we @sombr bar. Şeýle-de, «Ýylyň wideosy», «Ýylyň muzasy» , «Ýylyň gürrüňçisi» we beýleki üstünlikler üçin baýraklar gowşurylar.
Mundan öň, Instagram kontent awtorlary üçin öz Rings baýragyny döredipdi. Ýeňijiler dizaýner Mark Jeýkobsdan, režissýor Spak Liden, bloger Murad Osmanndan we hudožnik Kaws-dan ybarat eminler tarapyndan kesgitlenýär.




