Ýaponiýanyň iri awtomobil kompaniýasy «Toyota Motor» aerotaksileri öndüriji «Joby Aviation» kompaniýasyna 500 million amerikan dollar möçberinde maýa goýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habarlar agentligi habar berdi.
Maliýeleşdiriş 2024-nji ýylyň ahyrynda we 2025-nji ýylda bölekleýin geçiriler. Maksatnama laýyklykda, önümçilik bileleşigi dörediler. Ýeri gelende belläp geçsek, ýakynda kompaniýa uçýan enjamyň üçünji nusgasyny çykardy.
Görkezmek üçin niýetlenen wodorod-elekrik howa taksisi synaglaryň dowamynda goşmaça ýangyç guýmazdan 900 km-den gowrak aralygy uçup geçdi.
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň


