CES 2025 çäresinde yglan edilen Toyota, Nvidia-nyň ösen tehnologiýa çözgütlerini täze nesil ulaglarynda ulanjakdygyny mälim etdi. Awtonom hereketlendiriş ukyby bolan kompaniýanyň ulaglary Nvidia DRIVE AGX Orin ™ superkompýuter we howpsuzlyga gönükdirilen DriveOS operasiýa ulgamy bilen üpjün ediler.
Toyota uzak wagt bäri Nvidia-nyň bulut esasly tehnologiýalaryndan peýdalanýar. Şeýle-de bolsa, bu hyzmatdaşlyk bulut çözgütlerini ilkinji gezek ulagdaky superkompýuterler bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýär. “Nvidia” awtoulag bölüminiň wise-prezidenti Ali Kani bu hyzmatdaşlygy “bulutdan ulag strategiýasy” diýip häsiýetlendirdi. «Biz eýýäm Toyota bilen bulutda işleýärdik, indi ulagda bu hyzmatdaşlygy giňeldýäris» -diýdi.
Nvidia DRIVE AGX Orin ™ awtonom sürmek we ösen sürüjilere kömek ulgamlary üçin howpsuz AI amallaryny bermek üçin real wagt datçik maglumatlary işleýär. Nvidia tarapyndan hödürlenýän ahyrky çözgütler, maglumatlary öwretmek üçin ulanylýan DGX superkompýuterini we simulýasiýa gurşawynda awtonom hereketlendiriş ulgamlaryny barlamaga mümkinçilik berýän Omniverse platformasyny hem öz içine alýar.



