Amerikaly Ueýn Gerdes soňky nesliň «Toyota Prius» gibrid awtoulagynda ýangyç sarp etmek boýunça rekord goýdy. Ol adaty ýoldan hereket edip, awtoulagyň harçlaýan ýangyjyny 100 km üçin 2,5 litre çenli azaltmagy başardy. Goşmaça ýangyç guýmazdan geçilen ýol tas 1700 km-e ýetdi diýip, «CarScoops» habar berýär. Bu barada neşiriň täzeligine salgylanyp, turkmenmetbugat.gov.tm web saýty rus dilindäki sahypasynda habar berdi.
ABŞ-nyň günbatar kenaryndan gündogar kenaryna çenli gibrid «Toyota Prius» gibrid awtoulagy ortaça 100 km üçin 2,53 litr benzin harçlady. Bu käbir ýagdaýlarda onuň hatda bu görkezijiden pese düşendigini aňladýar. «Toyota» kompaniýasy resmi taýdan bu modeliň 100 km üçin 4,13 litr ýangyç sarp edýändigini nygtaýar. Los-Anjelesden Nýu-Ýorka çenli umumy aralyk 5200 km golaý boldy. Awtoulag ýolda deňiz derejesinden 2100 metr beýiklige çykdy, ýoluň bir bölegini bolsa Selsiý boýunça 40 gradus howa temperaturasynda geçdi. Bu şertler hem awtoulagyň ýangyjy has köp harçlamagyna getirýär.
Şeýle-de, «Toyota Prius» gibrid awtoulagynyň bir bakda geçen ýoly öndüriji tarapyndan görkezilen görkezijiden hem artyk boldy. «Toyota» ýoly 1036 km töweregi diýip görkezýär, «Prius» bolsa goşmaça ýangyç guýmazdan tas 1700 km geçdi. Modeliň bu üstünlikleri Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy.