«Toyota» – Ýaponiýanyň dünýä meşhur, iň naýbaşy markasydyr. Bu marka häzirki wagtda Ýaponiýanyň awtoulag öndürýän iň uly korporasiýasy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan «Toyota» her ýylda 9-10 million ulag öndürýär. Ýapon brendi birnäçe ýyldan bäri Germaniýanyň «Volkswagen» kompaniýasy bilen birinji we ikinji orny gezekli-gezegine diýen ýaly paýlaşýar. Käbir awtoulag brendleri diňe belli bir sebitde has köp satylýan bolsa, «Toyota» ulagynyň göze ilmeýän ýurdy ýok diýen ýaly. Eýsem, bu kompaniýa haçan esaslandyryldyka?! Ilki haýsy harydyň önümçiligini ýola goýduka?! Bu sowalyğ jogabyna degişli maglumatlar «blog.profvest.com» web saýtynda has giňişleýin beýan edilýär.
Bu internet neşiriniň maglumatlaryna görä, «Toyoda Automatic Loom Works» kärhanasynyň ýolbaşçysy Sakiçi Toýoda 1924-nji ýylda «Toyoda Model G» atly awtomatik tikin maşynynyň önümçiligini ýola goýýar. Şol döwürde Ýaponiýanyň daşarky söwdasynda ýüpek uly orun eýeläpdir. Ýüpek önümçiligi ýurtda iň girdejili pudak bolup, ýüplük egirýän, dokaýan maşynlar daşary ýurtlardan, esasan, Angliýadan getirilipdir. Ýüpek dokaýan maşyny öndürmek üçin köp wagtlap kelle döwen Toýoda 1897-nji ýylda öz ýasan ilkinji tikin maşynynyň patentini alypdyr. Netijede, işewür elýeter bahaly tikin maşynlaryny köpçülikleýin öndürip başlaýar. Soňlugy bilen öz harytlaryny Ýewropa ýurtlaryna hem eksport edipdir.
Sakiçi Toýoda bu başlangyjy bilen öz ýurdunyň önümleriniň Ýewropanyň önümleri bilen diňe bir bäsleşmegi däl-de, eýsem, olardan ozup hem biljegini subut edipdir. 1929-njy ýylda Sakiçi Toýoda tikin maşynynyň patentini «Platt Brothers» atly iňlis kompaniýasyna 100 müň funt sterlinge satyp, şol pula hem awtoulag öndürmegi ýüregine düwýär. Awtoulag kärhanasy gurlan hem bolsa, ol ilkinji awtoulag görmäge ýetişmändir. 1933-nji ýylda ilkinji awtoulaglary «Model A1» bilen «Model G1» konweýerden çykanda, ol aradan çykypdyr. Ondan soňra kompaniýa ogly Kiiçiro Toýoda ýolbaşçylyk edýär.
Ilkinji «Toyota» awtoulaglaryndan biri – A1 modeli
Ilkinji «Toyota» awtoulaglaryndan biri – G1 modeli
Gysga wagtda «Toyota» kompaniýasy dünýä belli awtomobil brendine öwrülýär. Şol döwürde ABŞ-nyň öňdebaryjy «General Motors» we «Ford» awtomobil öndürijileri dünýäde iň meşhur brendler bolupdyr. Kiiçiro Toýoda 1936-njy ýylda ýolagçy awtoulagy öndürmek işlerine badalga berdi we bir ýyldan soň – 1937-nji ýylda «Toyota Motor Company Ltd» atly garaşsyz kompaniýasyny döretdi. Ýeri gelende aýtsak, kompaniýany esaslandyryjylaryň familiýasynyň Toýoda diýip atlandyrylmagyna garamazdan, aýdylyşyny ýönekeýleşdirmek we telekeçilik işleriniň maşgala durmuşyndan tapawutlanandygynyň nyşany hökmünde kompaniýa «Toyota» adyny dakmak kararyna gelindi. «Toyota Motor Company Ltd» kompaniýasynyň döredilenine uzak wagt geçmänkä Ýaponiýanyň hökümeti 3 müň sany ýük awtomobilini sargyt edýär. Bu sargyt kärhana üçin uly goldaw bolupdyr. 1937-nji ýylda öndürilip başlanan AA modeli kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri öwrülýär.
«Toyota Model AA» markasy – öz döwrüniň iň meşhur modellerinden biri
Geçen asyryň ortalarynda kompaniýa ykdysady taýdan kynçylyk çekýär. Şol ýagdaýda Kiiçiro Toýoda öz ýerine Taýiti Ono atly dostuny belleýär. Ol ugurtapyjy bolupdyr. Taýiti marketlerde müşderileriň satyn alýan harytlaryna üns beripdir. Netijede, adamlaryň gerekli zadyny diňe zerur wagty alýandygyna göz ýetiripdir. Bu bolsa oňa kärhananyň ýörelgesini kesgitlemäge mümkinçilik beripdir – «wagtynda we ýerinde». Bu şygara esaslanan Taýiti kompaniýanyň işçileriniň sanyny azaldyp, önümi we işçi güýjüni tygşytlamaga üns beripdir. Kompaniýa hiç wagt has köp maşyn öndürip, ony ammarlarda basyp goýmandyr. Hatda beýleki kompaniýalar ýaly ammar hem gurman, «Tygşytly önümçilik» ýörelgesini dowam etdirýär. 1951-nji ýylda kompaniýa ýolsuz ýerde ýöreýän «Land Cruiser» modelini öndürýär. 1957-nji ýylda öndürilen «Crown» modeli amerikan bazaryna satylýar. Şondan soňra «Toyota» gysga döwrüň içinde bütin dünýäde tanalmaga başlaýar. Amerikan awtokonsernleri ilkibada «Toyota» kän bir üns bermändirler. 1973-nji ýyla çenli «Toyota» ABŞ-nyň bazarynda 327 müň awtomobil satýar. Şondan soňra amerikan kärhanalary «Toyota»-nyň esasy bäsdeşleriniň birine öwrülendigine göz ýetirýärler. «Toyota» ulaglary ykjamlygy, ygtybarlylygy we arzan bahasy bilen müşderileriň göwnünden turýar. «Toyota» 60-njy ýyllaryň başynda Ýewropa bazarynda özüniň «Publica» modeli bilen tanalyp başlaýar. Bu ulag ýangyç tygşytlylygy we bahasynyň elýeterliligi bilen günbatarlylaryň iň halaýan ulaglarynyň birine öwrülýär. 1966-njy ýylda «Corolla»-nyň ilkinji nusgasyny tanyşdyran «Toyota» kompaniýasy şol ýyl «Hino», 1967-nji ýylda «Daihatsu» awtomobil kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar.
«Toyota Corolla 1966» markasy – öz döwründe bütin dünýäde meşhurlyk gazanan awtoulag modellerinden biri
1972-nji ýylda kompaniýa 10 millionynjy awtomobilini öndürýär. 1978-nji ýylda hem ilkinji öňdençekişli awtomobilini – «Tercel»-i öndürip başlaýar. Kompaniýa 1976-njy ýylda 20 million, 1980-nji ýylda 30 million, 1986-njy ýylda 50 million we 1999-njy ýyla çenli bolsa 100 million awtomobil öndürýär. 1982-nji ýylda meşhur «Camry» modeliniň ilkinji nusgasy peýda bolýar. 1987-nji ýylda «Toyota Motor Corporation» «Volkswagen» bilen şertnama baglaşyp, Germaniýa üçin «pikap» awtomobilleriniň önümçiligini ýola goýýar. 1988-nji ýylda «Lexus» atly brendini döredýär. 1990-njy ýyllaryň ahyrynda ilkinji gibrid awtomobili – «Toyota Prius» konweýerden çykýar. Awtomobil önümçiliginde ol ilkinji gezek dowamly öndürilen elektromobil boldy. 2007-nji ýylda «Toyota» 77 ýyldan bäri awtoulag önümçiliginde dünýäde birinji bolup gelýän «General Motors»-dan ozdurmagy başardy.
«Toyota» kompaniýasy häzirki wagtda her 5 sekuntda bir awtomobil öndürýär. Ýer ýüzünde «Toyota»-nyň 340 müňden gowrak işgäri, 69 sany zawody bar. «Toyota» 140-dan gowrak ýurtda satylýar. 90-njy ýyllardaky öndürilen «Toyota» markallarynyň 80 göterimi häzirem ýollarda hereket edýär. «Toyota» kompaniýasy beýleki ýapon awtoulag öndürijileri bilen deňeşdirilende iň täsirli marka eýesidir. Häzirki wagtda «Toyota» kompaniýasy kiçi markalaryna şu aşakdaky markalar girýär:
- «Subaru» markasy
- «Dihatsu» markasy
- «Scion» markasy
- «Hino» markasy
- «Lexus» markasy
«Toyota» kompaniýasynyň «Lexus lc 500» modeli iň soňky «Lexus» modelleriniň biri
«Toyota» kompaniýasy «Lexus» taslamasyny ilki bilen diňe elýeterli ýokary hilli awtoulaglary satmak maksady bilen döretdi. «Toyota» markasy öz taryhynda ep-esli wagtlap ösdi we netijede önümçilik kuwwaty boýunça kompaniýa takmynan 12 ýyldan bäri – 2012-nji ýyldan şu güne çenli öňdebaryjy orny eýeleýän kompaniýa derejesine ýetdi. Dünýädäki 500 sany iri şereketiň sanawynda-da öňdebaryjy orunda ýagny onunjy hatarda durýar. «Toyota Motor Company» kompaniýasynyň soňky ýyllarda ortaça ýyllyk girdejisi 18 – 20 milliard dollar möçberinde hasaplanylýar. Ortaça 12 aýlyk ösüş 30 – 40 göterim töweregi.
«Toyota» awtoulaglary biziň mukaddes ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde-de giňden tanalýar. Berkarar ýurdumyzda bu awtoulagyň «Corolla» we «Camry», ondan soň «Avalon» we ýollarda hem-de olardan daşary ýerlerde hereket etmäge niýetlenen «Land Cruiser», «Highlander» ýaly kysymlar bar.