Toyota kompaniýasy Supra sportkarynyň önümçiliginiň 2026-njy ýylyň mart aýynda bes ediljekdigini resmi taýdan habar berdi. Şonuň üçin 2026-njy ýylyň modeli Supra sportkarynyň soňky nesli hökmünde bazara çykar.
Toyota gysga beýanatda:
«Supra-nyň önümçiligi 2026-njy ýylyň mart aýynda bes ediler. Müşderilerimiziň hemişelik goldawlary üçin minnetdarlyk bildirýäris. Supra satyn almagy planlaşdyran müşderilerimiziň bu habary şu wagt eşidendikleri üçin gynanýarys. Alternatiw modeller barada maglumat almak üçin ýerli dilerleriňiz bilen habarlaşyň»– diýip belleýär.
Supranyň bäşinji nesli ilkinji gezek 2019-njy ýylda Detroýt awtosergisinde tanyşdyrylypdy. Bu tanyşdyrylyş, 21 ýyllyk arakesmeden soň Supranyň bazara täzeden gaýdyp gelendigini alamatlandyrdy. Toyota 2010-njy ýyllaryň başynda «Supra» galkynyşyna yşarat edip, täze modelini 2014-nji ýylda GT-1 konsept awtoulagy hökmünde görkezdi.
Supranyň bu nesli Z4bilen birmeňzeş platforma we güýç birligini ulanyp, “Toyota” we “BMW” tarapyndan bilelikde işlenip düzüldi.
2020-nji ýylda ABŞ-da satuwa çykarylanda Supra diňe 3,0 litrlik B58 alty silindrli turbo hereketlendiriji we 8 tizlikli awtomat geçiriş bilen hödürlenýärdi. 2021-nji ýylda bolsa, 2,0 litrlik B48 dört silindrli wariant we alty silindrli hereketlendiriji üçin 6 tizlikli mehaniki geçiriş görnüşi hem çykdy.
Ilkibaşda ähli modellerde sekiz basgançakly awtomatik ZF geçiriji ulgamy bardy, emma soňra Toyota alty basgançakly el bilen dolandyrylýan geçiriji ulgamy hem 6 silindrli wersiýa goşdy.
2025-nji ýylyň maý aýynda Toyota Motors North America kompaniýasynyň önümleriň meýilleşdirilişi we strategiýasy boýunça uly wise-prezidenti Kuper Eriksen şeýle diýdi:
«Biz Supra-nyň täze neslini döretmek niýetindediris, emma munuň haçan we nähili boljagy häzir belli däl. Arakesme bolar, mesele diňe onuň nähili uzak dowam etjegindedir».




