«Toyota» we «BMW» kompaniýalary wodorod ýangyjy bilen işlejek awtoulaglaryň geljekki nesillerini bilelikde öndürmek barada ylalaşyk baglaşdylar. Oňa laýyklykda, bu ulaglaryň ilkinji toplumyny 2028-nji ýylda köpçülikleýin önümçilige goýbermek meýilleşdirilýär. Bu barada «dvizhok.su» web saýty habar berdi.
Hyzmatdaşlyk wodorod beketlerini döretmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Wodorod awtoulaglarynyň bazary üçin esasy kynçylyk olaryň bahasynyň ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
«BMW» we «Toyota» bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň hasabyna önümçilik çykdajylaryny azaltmagy maksat edinýärler.