Japan Mobility Show 2025 sergisinde Toyota kompaniýasy birnäçe täze taslamalary görkezdi. Olaryň arasynda aýratyn ünsi özüne çeken model — IMV Origin atly kiçi ölçegdäki ýük awtoulagydyr. Meýilnama boýunça, bu awtoulag ösüp barýan bazarlara, aýratyn-da Afrika ýurtlaryna, ýarym sökülen görnüşde ugradylar we ony ýerinde, ýönekeý gurallar bilen ýygnap bolar.
IMV Origin — bu bellibir zerurlyklara görä sazlanýan modul gurluşly ulagdyr. Mysal üçin, ulaga ýük platformasyny oturtmak ýa-da ony ýolagçylary gatnatmak üçin taýýarlamak mümkin. Bu täze model esasan Afrikanyň oba ýerlerinde ulanmak üçin işlenip düzüldi. Ulagyň ýerinde ýygnalmagy bolsa, bu sebitde goşmaça iş orunlaryny döretmäge hem mümkinçilik berýär.
Toyota kompaniýasy IMV Origin awtoulagynyň tehniki aýratynlyklary we göwrümi barada heniz maglumat bermedi. Tokiodaky sergide görkezilen görnüşde ulagyň diňe bir sürüji oturgyjy, plastik ekranly we üçekli karkasy, şeýle-de tekiz platformasy bar.




