ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurtda emeli aň tehnologiýalarynyň ösdürilmegine gönükdirilen täze başlangyjy yglan etdi. Onuň bellemegine görä, ABŞ-da «Emeli aň güýçleri» (AI Force) dörediler we bu ugurdaky işleri utgaşdyrjak ýörite ýolbaşçy — «emeli aň boýunça tsar» (AI tsar) belleniler.
Amerikan syýasy ulgamynda ulanylýan «tsar» adalgasy “patyşa” manysyny aňlatmaýar. Bu söz adatça prezident tarapyndan belli bir ugur boýunça işleri utgaşdyrmak ýa-da ýolbaşçylyk etmek üçin bellenýän ýokary derejeli wezipeli adama degişli edilýär. Şeýle wezipäniň hukuk derejesi bolsa anyk bellenilen ygtyýarlyklara bagly bolýar.
Emeli aň — täze senagat öwrülişigini herekete getirýän esasy tehnologik güýç
Tramp özüniň sosial ulgamlaryndaky ýazgylarynda administrasiýasynyň emeli aňyň ösüşine päsgel bermek ýa-da ony çäklendirmek niýetiniň ýokdugyny belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti emeli aňy häzirki döwrüň iň möhüm tehnologik ugurlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň pikiriçe, bu tehnologiýanyň täsiri internetiň ýa-da öňki senagat öwrülişikleriniň täsiri bilen deňeşdirilende has uly bolup biler.
Tramp emeli aňyň ABŞ-nyň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeläp biljekdigini aýdyp, onuň ýurduň jemi içerki önüminiň 25 göterimine çenli bölegine täsir edip biljekdigini belledi.
ABŞ emeli aň ulgamynda öňdebaryjylygyny berkitmegi maksat edinýär
ABŞ-nyň Prezidenti ýurduň emeli aň ulgamynda Hytaýdan öňde bolmagyny dowam etdirmelidigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, «Emeli aň güýçleriniň» döredilmegi hem hut şu strategik maksada hyzmat eder.
Tramp täze başlangyjy özüniň ilkinji prezidentlik döwründe döredilen Kosmos güýçleri bilen deňeşdirdi. Ol bu tejribä meňzeş görnüşde emeli aň ugrundaky täze gurluşyň hem tehnologiýa pudagynda öňdebaryjylygy güýçlendirmäge gönükdiriljekdigini aýtdy. Şeýle-de ol ýakyn wagtda emeli aň boýunça ýörite ýolbaşçynyň belleniljekdigini habar berdi.
Ösüş bilen howpsuzlygyň arasyndaky deňagramlylyk
Täze başlangyjyň anyk gurluşy, ygtyýarlyklary we durmuşa geçiriljek möhletleri barada goşmaça maglumat berilmedi. Şol bir wagtyň özünde Tramp emeli aňy bikanun maksatlarda ulanýan adamlara garşy göreşmek üçin häzirki hereket edýän jenaýat we raýat hukuk ulgamlarynyň ulanyljakdygyny belledi.
ABŞ-da we dünýäniň beýleki ýurtlarynda emeli aňyň mümkinçilikleri bilen bir hatarda onuň howpsuzlygy, düzgünleşdirilmegi we jogapkärçilikli ulanylmagy baradaky meseleler hem giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Tramp emeli aňyň geljekdäki ösüşleri bilen bagly käbir aladalary we tankytlary ret edip, bu tehnologiýanyň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.



