Türkiýede elektrikli ulag düzüminiň ösmegi we elektron hereketi innowasiýalarynyň giňelmegi bilen baglylykda, halkara energetika ulgamynda uly seslenme döretjek taryhy taslama durmuşa geçirildi. Ýurduň öňdebaryjy guramalarynyň biri bolan «Aksa Şarj» kompaniýasy Eskişehir–Ankara awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän we ozal adaty nebit önümleriniň hyzmatyny berýän döwlet bekedini dolulygyna elektrikli ulaglar üçin niýetlenen zarýad stansiýasyna öwürdi diýip AA habar gullugy kompaniýanyň innowasion çözgütleri barada habar berýär.
Kompaniýa tarapyndan «Şarj-In» diýlip atlandyrylan täze konsepsiýa çäklerinde, desganyň çägindäki adaty ýangyç üpjünçiligi doly bes edildi we ýerine ýokary güýçli innowasion elektrik zarýad ulgamy girizildi. Şeýlelikde, bu strategik nokat diňe elektrikli ulaglara ýokary tizlikli hyzmat edýän täze nesil energiýa duralgasyna öwrülip, magistral ýollaryň ugrundaky adaty beketleriň geljekki dizaýnyny görkezýän ilkinji nusgawy nusga boldy.
Täze nesil stansiýada 240 kilowat we 160 kilowat kuwwatlygy bolan iki sany ultra-çalt zarýad beriji enjam ýerleşdirildi. Bu döwrebap ulgam bir wagtda 4 sany elektrikli awtoulagyň gysga wagtyň içinde we ýokary tizlikde zarýad almagyna şert döredýär. Şeýle hem, taslamanyň tehniki binýady geljekki ýyllarda has-da artjak islege we ulag sanyna görä kadaly giňeldilip bilinjek çeýe (esnek) görnüşde dizaýn edildi.
Tehniki kämilleşdirmeler bilen bir hatarda, uzak ýola çykan sürüjileriň we ýolagçylaryň şatwagtly duralga tejribesini ýokary galdyrmak üçin amatly dynç alyş meýdançasy hem döredildi. Bu çäkde ýerleşýän «Bena Kahve» hyzmat nokady arkaly ýolagçylar kofe, iýmit, içgi we beýleki esasy durmuşy hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.
«Aksa Müşderi Çözgütleri» dolandyryş geňeşiniň agzasy Korhan Baýkal bu taslamanyň sebitde elektrikli ulag ekosistemalarynyň ösüşi üçin taryhy ädimdigini belläp,
«Şarj-In konsepsiýasy diňe şu günüň däl, eýsem geljegiň ulag ulgamyna laýyklykda dizaýn edilen täze innowasion energiýa merkezidir»
diýip nygtady.


