Türkmenistanda talyplaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ýaş alymlaryň ylmy barlaglaryny goldamak, olary ylmy-barlag işlerine çekmek, milli ylym we bilim ulgamlarynyň ösüşine ýardam etmek maksady bilen “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy elektron žurnaly döredildi. Elektron žurnal üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýär. Onuňredaktorlar kollegiýasyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlary, professorlary we mugallymlary girdi. Bu bolsa žurnalyň işiniň maksadalaýyk we netijeli gurnalandygyny görkezýär.
Onlaýn-neşiriň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we internet- hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky” Türkmenisanyň Kanunlaryna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Düzgünnamasyna hem-de beýleki kadalaşdyrjy-hukuk namalaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Žurnalda talyplaryň, mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ylmy işgärleriň makalalary çap edilip, ylmy barlaglaryň esasy uurlarynda işläp taýýarlamalara, ylmy-usuly maglumatlara we innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Birinji neşirde dil biliminiň, edebiýaty öwrenişiň, lingwodidaktikanyň we pedagogikanyň döwrebap meseleleri boýunça ylmy-usuly makalalar hem-de talyplaryň we mugallymlaryň edebiýat döredijiligi bilen tanyşdyrýan çeperçilik eserler ýerleşdirildi.
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” ylmy-amaly žurnalynyň döredilmegini makkulady. Bu bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” weziplereine laýyk gelip, dünýä ylmy-bilim giňişliginde ylmy barlaglaryň ýaýabaňlandyrylmagyna gönükdirilendir.
“Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” elektron žurnalynyň sahypalarynda ykdysadyýet nazaryýetine we ykdysady ösüşe, innowasiýa ykdysadyýetine, durnukly ösüşiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalar çap edilip, alymlaryň, hünärmenleriň, işewürleriň we talyplaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döreder.
“Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly elektron ylmy-amaly žurnalynyň döredilmegi insituty ylym-bilim merkezi hökmünde tanatmaga ýardam edip, dünýäniň ylym ulgamyna işjeň goşulyşmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, professor-mugallymlaryň neşir işiniň ýokarlandyrylmagyna we ylmy-barlag işiniň netijeleri bilen tanyşmaga giň ýol açar.
Elektron žurnaly her kwartalda bir gezek türkmne, iňlis we rus dillerinde ýokary okuw mekdebiniň saýtynda neşir ediler. Žurnalyň redaktorlar kollegiýasynyň düzümine biziň ýurdumyzyň we daşary ýurtly ykdysatçy-alymlary girdi. Hazirki wagtda žurnalyň birinji sanynyň taýýarlyk işleri geçirilip, ol ýakyn geljekde okyjylar üçin elýeterli bolar. Ylmy-amaly žurnalynyň döredilmegi ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň döredijilik we ylmy işleri üçin täze müminçilikleri açyp, olary täze açyşlara höwselendirdi.