Türkmenistanyň Robototehnika bölüminiň milli ýygyndysynyň agzalary 2024-nji ýylyň 26 — 29-njy sentýabry aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Afiny şäherinde 190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagynda geçiriljek Robototehnika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň şu günki — 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky №39 (1346) belgili sanynyň 7-nji sahypasynda habar berildi.
Ýaryşda Türkmenistanyň toparyna 12-nji synp mekdep okuwçylary — Aýlar Tekäýewa, Gülhatyja Ataýewa, Şatlyk Batyrow, Merdan Muhammetorazow, Aýhan Baýramow wekilçilik ederler. Topara Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň Robototehnika bilim merkeziniň mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň robototehnika bölüminiň mugallymy Didarberdi Badyýew ýolbaşçylyk eder.
Bu ýylky robotlar «Feeding The Future» temasy boýunça gurlup, dünýä çempionatynda çykyş ederler. Türkmen toparynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, milli toparymyz öz robotynyň üstünde 4 aýlap işledi we çykyş üçin iň kämil görnüşe getirdi.