«Russiýasynyň sanly senagaty» maslahatynyň çäginde kiberdurnuklylygy synamak we halkara arenasynda tejribe alyşmak üçin onlaýn bäsleşik geçirildi.
Bellenilişi ýaly, Russiýadan, Türkmenistandan hem-de Mýanmadan bolan 7 topar finala çykmagy başardy.
Bäsleşik wagtynda gatnaşyjylar möhüm desgalaryň IT infrastrukturasyny hakerleriň hüjümlerinden goradylar. Hakyky kiberhowplary simulirlemek bilen bagly çylşyrymly meseleleri çözmek bilen, bäş wekilden ybarat bolan «Türkmentelekom» agentliginiň Türkmentelekom topary öz çykyşyny üstünlikli tamamlady we 2015 ball gazanyp, üçünji ýeri eýeledi.
Ýeňijiler Russiýanyň «Solar» kompaniýalar toparyndan we çempionatyň tehnologiýa hyzmatdaşlaryndan — «Howpsuzlyk kody» we «Kasperskiý laboratoriýasy» atly taraplardan maglumat howpsuzlygy önümlerini ulanmak üçin sertifikatlary aldylar.