Ilon Mask tarapyndan ençeme ýyl bäri agzalyp gelinýän uçýan ýa-da howada asylyp durup bilýän Tesla Roadster modeliniň tanyşdyrylyşy ýene bir gezek yza süýşürildi. Täze gowşan maglumatlara görä, sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ulagyň tanyşdyrylyşy iň irki ýagdaýda awgust aýynda geçiriler.
Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynda işlenip düzülen bu ýörite Roadster modeli SpaceX tarapyndan taýýarlanan sowuk gaz reaktiw hereketlendirijileri (itijileri) bilen enjamlaşdyrylýar. Bu ulgamyň ulaga deňi-taýy bolmadyk tizlenme mümkinçiliklerini, has ýiti öwrülişleri we kämilleşdirilen tormoz aýratynlyklaryny bermegi maksat edinilýär.
Tehnologiýanyň häzirki ýagdaýy we yza süýşürilme tapgyry
Ulagyň yzky oturgyçlarynyň ornuny aljak ýörite SpaceX howa çelekleri (baklary) arkaly işlejek bu itiji ulgam, awtoulagyň howada asylyp durmagyna ýa-da uçmagyna mümkinçilik berer. Mask, geçen ýyllarda beren beýanatlarynda bu täze Roadster modeliniň örän täsirli tejribe hödürlejekdigini aýdypdy.
Mask 2018-nji ýylda eden çykyşynça täze Tesla Roadster üçin niýetlenen SpaceX bukjasynyň ulagyň töweregine ýerleşdirilen takmynan 10 sany kiçi raketa itekleýjisini öz içine aljakdygyny belläpdi. Onuň sözlerine görä, bu hereketlendirijiler tizlenmäni, iň ýokary tizligi, tormozlamany we öwrüliş mümkinçiliklerini ep-esli gowulandyrar, hatda Teslanyň uçmagyna-da mümkinçilik döredip biler.
Geçen mart aýynda paýlaşylan maglumatlarda tanyşdyrylyşyň aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýärdi. Emma aprel aýyndaky maliýe netijeleri boýunça geçirilen maslahatda Mask tanyşdyrylyşyň maý aýynyň ahyrynda ýa-da iýun aýynyň başynda geçirilip bilinjekdigini aýdypdy.
The Information tarapyndan çap edilen täze hasabata görä, Tesla henizem itekleýji ulgam bilen bagly tehniki meseleleriň üstünde işleýär. Maskyň aprel aýynda ulgamyň synag görkezilişlerini gözden geçirendigi aýdylsa-da, ulagyň doly taýýar bolmagy üçin goşmaça wagt gerek bolýar.
Roadster taslamasynyň taryhy
Tesla kompaniýasy Roadster modeliniň ilkinji prototipini 2017-nji ýylda tanyşdyrypdy. Emma ulagyň uçmak ýa-da howada galmak ukyplary baradaky beýanatlar 2019-njy ýylda peýda bolup başlady. Taslamanyň uzak wagtlap işlenip taýýarlanylmagy awtoulag dünýäsinde uly gyzyklanma döredýär.
Mask 2026-njy ýylyň 17-nji martynda eden çykyşynda täze Roadster modeliniň tanyşdyrylyşynyň indiki aýda geçirilmegine umyt edýändigini we onuň täze derejedäki täsinlik boljakdygyny aýdypdy.
Geçmişde OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sam Altman ýaly meşhur işewürleriň hem bu ulag üçin öňünden sargyt berendigi aýdylýar. Tehnologiýa dünýäsiniň iň köp garaşylýan awtoulag taslamalarynyň biri hasaplanylýan bu modeliň Mask tarapyndan ozal “ýatdan çykmajak” diýip häsiýetlendirilen tanyşdyrylyşynyň awgust aýynda geçirilip-geçirilmejekdigi häzirden uly gyzyklanma döredýär.



