Uly göwrümli maglumatlar (Big Data) – bu maglumat tehnologiýalarynda dinamiki görnüşde ösýän maglumat göwrümleri bilen işlemek üçin niýetlenilen tehnologiýalaryň we usullaryň toparydyr.
Uly göwrümli maglumatlaryň (Big Data) täze düşünjedigine garamazdan, uly göwrümli maglumatlaryň ilkinjileri 1960-1970nji ýyllarda ýagny, ilkinji maglumatlar merkezleri we baglanyşykly maglumatlaryň ösüşi bilen bilelikde döreýär. 2005-nji ýylda adamlar sosial torlaryň, online hyzmatlaryň nähili köp mukdarda maglumat emele getirýändigine göz ýetirip başladylar. Hadoop (uly maglumatlary barlamak, esasanam saklamak üçin döredilen aýratyn ulgamdyr) hem şol ýylda döredildi. Ýene-de NoSQL hem şol wagtlarda meşhurlyk gazanyp başlady.
Hadoop ýaly elýeterli ulgamlaryň ösmegi uly maglumatyň ösüşi üçin möhümdir. Sebäbi olar uly maglumatlar bilen işlemegi we uly maglumatlary saklamagy aňsatlaşdyrýar. Şondan soňky ýyllarda uly maglumatlaryň göwrümi çaltlyk bilen artdy. Ulanyjylar henizem örän uly mukdardaky maglumatlary öndürýärler. Internet of things (IoT)- zatlaryň internetiniň ulanylyp başlanmagy bilen maglumatlaryň göwrümi has-da artdy.
Göwher URAÝEWA,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky 2-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň informatika mugallymy