Döwrebap tehnologiýa durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen döwürde diňe bir dizaýnyna ýa-da bahasyna däl, noutbuk saýlanyňyzda uzak möhletli hyzmatyna hem üns bermek möhümdir. Haýsy noutbukyň has gowudygyny, ýokary hilli kompýuteriň bahasynyň nämedigini we goşmaça parametrlerini bilmek zerurlygy döreýär.
Prosessory aýratynlyklary
Işiň tizligi we öndürijiligi prosessora baglydyr. Onuň ähli aýratynlyklaryny öňünden bilmeli. Wideo karta we RAM hem möhümdir. Aýratynlyklary näçe ýokary bolsa, şekiliň hili şonça-da gowy bolar.
Prosessoryň ýygylygy prosessoryň bir minutda ýerine ýetirip biljek hasaplamalarynyň sanydyr we dürli oýunlar we grafiki dizaýn işleri üçin 3,5 GGs-dan ýokary san saýlamak maslahat berilýär.
Ýadrolaryň sanyny bilmeli. Olar näçe köp bolsa, noutbuk bir wagtyň özünde şonça-da köp işi ýerine ýetirip biler. Bir ýa-da iki ýadro — ofis üçin, dörtden alty — grafiki dizaýnerler we ýeňil oýunlar, sekizden — çylşyrymly oýunlar, wideo redaktirleme we 3D modellemek programmalary üçin.
Möhüm bellik: Örän güýçli prosessor hökman gymmat bahadan gelýär. Şonuň üçin iň güýçli we häzirki zaman prosessor däl-de, talaplaryňyza laýyk gelýän modelleri saýlamaly!
RAM-a üns bermeli
RAM näme?
RAM kompýuterde gysga möhletli ýat ýaly hereket edýän ulgamdyr. Kompýuteri ep-esli çaltlaşdyrýan bu ulgam, kompýuter satyn alanyňyzda iň köp gözlenýän aýratynlyklardan biridir. RAM-da wagtlaýyn saklanýan maglumatlar ulgama gaýtadan işlenenden soň pozulýar. Täze maglumatlar öçürilen maglumatlary çalyşýar we aýlaw şeýle dowam edýär.
RAM näçe uly bolsa, şonça-da gowy, ýöne bu iň möhüm parametr däldir. Döwrebap programmalar we oýunlar diňe bir hemişelik ýatda saklanman, has çalt başlap, doňmazdan işlemegi üçin köp mukdarda RAM gerek. 8 Gb RAM resminamalary, ýönekeý oýunlary we internedi ulanmak bilen baglanyşykly işler üçin ýeterlikdir. Ýöne ýakyn bir-iki ýylda grafiki dizaýn ýa-da IT ulgamynda işlemek isleseňiz 16 Gb ýady bolan modelleri saýlamaly.
Noutbuk korpusynyň berkdigine göz ýetirmeli
Noutbugy kafelerde we ýolda ulanmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, onuň daşy (korpusy) berk bolmaly. Hatda gowy hilli plastmassa hem zeper ýetip biler. Esasy zat, öndürijiniň enjamy weýrançylyga, dürli zarbalara we ýere gaçmagyna garşylygy barlandygyna göz ýetirmelidir.
Gaýbalyýewa Maral
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby