Hytaýyň Haýnan welaýatyndaky Wençang äleme uçuryş meýdançasy şu ýyl äleme 10 sany uçuşy amala aşyrdy, bu bolsa ýyllyk möçberinde iň köp sanly uçuşlardyr. Raketalary synagdan geçirmek wagtynyň ep-esli gysgaldylmagy bilen, uçuşlaryň sanyny artdyrmak başartdy.
“Long Marçh-5” emeli hemrasynyň synag möhleti 60 günden 30 güne çenli gysgaldyldy, “Long Marçh-7” emeli hemrasynyň synagy üçin bolsa öňki 40 günden azalyp, indi 20 gün wagt ýetrlikdir. Hünärmenler geçirilýän uçuşlaryň aralygynda täzeleniş we tehniki hyzmat ediş işlerini geçirmek arkaly enjamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýarlar, olaryň mümkinçiliklerini artdyrmaklyga hem-de merkezleşdirilen gözegçilige üns berýärler.
Wençang äleme uçuryş meýdançasynda 2016-njy ýylda işe girizileni bäri Aýy we planetalary öwrenmek hem-de älem stansiýasyny gurmak maksady bilen 43 sany uçuş amala aşyryldy. Bu äleme uçuryş meýdançasynyň ýyllyk uçuryş mümkinçiligi 3-4 uçuşdan 6-8 uçuşa çenli artdy we häzirki wagtda hyzmat edilýän raketalaryň görnüşiniň sany ikiden alta çenli ýetdi. Bu bolsa Hytaý döwletiniň täze agyr göteriji raketalaryny äleme uçuryş meýdançasynda yzygiderli we ýygy-ýygydan uçurmak mümkinçiliginiň bardygynyň subutnamasydyr.




