Wi-Fi näme?
Wi-Fi simsiz internet birikmesini döretmek üçin ulanylýan tehnologiýa. Öýlerde, iş ýerlerinde, kafelerde we beýleki köpçülik ýerlerinde giňden ulanylýar. Wi-Fi enjamlaryňyzy internete birikdirmegiň we beýleki enjamlar bilen maglumatlary paýlaşmagyň aňsat we amatly usulydyr.
Wi-Fi torunyň howpsuzlygyny nädip goramaly?
Ygtybarly Wi-Fi ulgamy häzirki sanly dünýäde möhümdir. Şahsy maglumatlaryňyzy we enjamlaryňyzy goramak üçin güýçli parol ulanmak möhümdir. Wi-Fi torlary kiber hüjümlere sezewar bolýarlar. Şonuň üçin Wi-Fi toruňyzy goramak üçin käbir çäreleri görmeli.
- Güýçli parol ulanyň we parolyňyzy yzygiderli üýtgediň.
- Toruňyzyň adyny gizläň (SSID).
- Gorag diwary we WPA2 şifrlemek ýaly howpsuzlyk aýratynlyklaryny işjeňleşdiriň.
- Kompýuteriňizde we beýleki enjamlaryňyzda häzirki zaman antiwirus programmasyny ulanyň.
Wi-Fi torunyň parolyny (Açarsözüni, Kodyny) nädip üýtgetmeli?
Bu abzasda, Wi-fi parolyny (Açarsözüni, Kodyny) üýtgetmek üçin ýönekeý we amaly çemeleşmäge synanyşarys. Wi-Fi toruňyzyň adyny we parolyny üýtgetmek üçin aşakdakylary etmeli.
1.Wi-fi toruna kompýuter ýa-da telefon arkaly birikmeli. Wi-fi toruň adyny bilýän bolsaňyz, oňa birikdiriň. Mysal üçin TP-LINK 1535 ýa-da WiFi Router

2. Routeriň interfeýsine girmek üçin kompýuteriňizde ýa-da ykjam enjamyňyzda (telefon, planşet) brauzer açyň we Routeriňiziň IP adresini ýa-da adyny salgy setirine ýazyň. Bu maglumatlary routeriňiziň arka tarapynda ýa-da ulanyjy gollanmasynda tapyp bilersiňiz. TP-Link routeri üçin admin sahypasyny açmak üçin saýlan web brauzeriňizi açyň. http://tplinkwifi.net web adresini girip bilersiňiz, ýa-da bolmasa, TP-Link routeriňiziň IP adresini girip bilersiňiz. Köplenç http://192.168.1.1 IP adresi ulanylýar.

Soňra, brauzeriňizde açylýan penjirede ulanyjy ady we paroly soralar. Düzgüne görä, bu hemişe (Köplenç) admin bolýar. Ulanyjy adyňyzy we parolyňyzy degişli meýdanlara girip bilersiňiz (Ulanyjy ady: admin Parolyňyz hem öndüriji kompanýa tarapyndan berilýär).
3. Bu ädimde, TP-Link Routerindäki Wi-Fi ulgamyňyzyň maglumatly sahypa açylar.

Bize zerur bolan ähli sazlamalar şu 2 menýuda. Wi-fi toruň adyny üýtgetmek (Wi-Fi ady üýtgetmek) üçin Wireless 2.4GHz menýusyna basyp Basic settings sahypasyna girmeli. Bar bolan wi-fi toruňyzyň (Wireles Network Name) adyny üýtgetmeli we Save düwmesine basmaly.
Unutmaň: Wi-Fi toruň ady üýtgedilenden soň, ulanýan enjamyňyz internedi tanamaz. Internet birikmesi ýok bolansoň, ilkinji ädimiňize gaýdyp, üýtgeden wi-fi adyňyzy tapyp, täzeden birikdirip bilersiňiz.
Paroly (Açarsözi, Kody) üýtgetmek
Paroly üýtgetmek üçin, sahypaňyzyň Simsiz howpsuzlyk (Wireless Security) menýusyna basyň.

Wireless Password gutusyny bu sahypada görersiňiz. Bu gutydaky tekst öňki Wi-Fi parolyňyzdyr we ony üýtgedip bilersiňiz. Üýtgedeniňizden soň, aşakdaky Saklamak (Save) düwmesine basyp bilersiňiz.
Unutmaň: Wi-Fi toruň paroly üýtgedilenden soň, ulanýan enjamyňyz (Telefon, Kompýuter, Planşet we beýleki internet bilen işleýän enjamlar) internedi tanamaz. Internet birikmesi ýok bolansoň, ilkinji ädimiňize gaýdyp, üýtgeden wi-fi adyňyzy tapyp, täzeden parolyňyzy ýazyp birikdirip bilersiňiz.
İnternet tizligini nädip barlamaly?
Internet tizligini barlamak üçin, ulanyjylarymyza hödürleýän täze İnternet tizligini barlamak guralymyzy ulanyp bilersiňiz!
Has giňişleýin maglumat üçin bu İnternet tizligini nädip barlamaly? makalany okap bilersiňiz ýa-da göni İnternet tizligini barlamak sahypamyza girip bilersiňiz!




Siz nähili wi-fi router ulanýarsyňyz? 👇👇👇 teswirlere ýazyp bilersiňiz! Şeýle gyzykly maglumatlaryň dowamy gelsinmi?