«Wikipedia» atly erkin onlaýn ensiklopediýasynyň esaslandyryjylaryndan bolan biri Larry Sangeriň platformadaky redaktirleme ygtyýarlyklary elinden alyndy we ol möhletsiz petiklendi. Bu karar meýletin redaktorlaryň Sangeri saýtyň düzgünlerini bozmakda aýyplamagyndan soň kabul edildi.
Sangeriň öz onlaýn yzarlaýjylaryny platformadaky bir çekişmä täsir etmäge çagyrandygy öňe sürüldi. «Wikipedia» jemgyýetçiligi muny platformadan daşarky gönükdirme hökmünde bahalandyryp, petiklemek kararyna geldi.
Petikleme kararynyň sebäbi
Jedeller Sangeriň intellektual dürlüligi ösdürmek maksady bilen döretmegi meýilleşdiren «WikiProject» taslamasyna resmi dereje bermek synanyşyklarynyň töwereginde ýüze çykdy. Sanger bu başlangyjyň «Wikipedia» ensiklopediýasyndaky öz pikirine görä, çepçi garaýyşlaryň agdyklyk etmegini deňagramlaşdyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Emma petiklenme prosesini tizleşdiren esasy waka Sangeriň X platformasyna paýlaşan ýazgysydy. Ol yzarlaýjylaryny «Wikipedia» ensiklopediýasyndaky çekişmä (jedele) çekmäge synanyşanda, platformanyň düzgünlerini bozmakda aýyplandy.
«Wikipedia» ensiklopediýasyndaky meýletin redaktorlar Sangeriň platformany oňyn ösdürmegiň ýerine daşardan täsir etmäge çalyşandygy barada umumy pikire geldiler. Şeýle hem redaktorlar onuň hereketleriniň belli adamlary nyşana almak howpuny döredip biljekdigi baradaky aladalary beýan etdiler.
«Wikimedia» gaznasy bolsa bu mesele boýunça eden beýanatynda «Wikipedia» ensiklopediýasynyň bütin dünýäde meýletin redaktorlar tarapyndan dolandyrylýandygyny aýtdy. Gazna mazmun we redaktirleme bilen bagly kararlaryň gönüden-göni jemgyýetçilik tarapyndan kabul edilýändigini nygtady.
Sangerden tankydy seslenme
Karara garşy çykyş eden Larry Sanger bu prosesi “kazyýet teatryna” meňzedip tankyt etdi. Ol «Wikipedia» ensiklopediýasynyň ýolbaşçylarynyň özüne resmi aýyplamalar bildirmändigini we adalatly garalmak mümkinçiligini döretmändigini öňe sürdi.
Sanger «Wikipedia» ensiklopediýasynyň indi toparlaýyn pikirlenmä esaslanýan ulgama öwrülendigini aýtdy. Platformada öňküsine garanyňda has köp psihologik basyşyň we tertipsizligiň bardygyny öňe süren esaslandyryjy, ulgamyň üýtgedilmelidigini belledi.
Bu waka Sangeriň «Wikipedia» bilen ilkinji düşünişmezligi däl. 2002-nji ýylda saýtdan aýrylan Sanger ençeme ýyl bäri platformanyň akademiki, dünýewi we progressiw gurluşyny tankytlap gelýär.
Geçen ýyl «Wikipedia» ensiklopediýasyny ösdürmek maksady bilen dokuz maddadan ybarat teklipler sanawyny çap eden Sanger, şol tekliplerinde ylalaşyk esasynda karar kabul etmek guralynyň ýatyrylmagyny talap edipdi. Ilon Mask hem şol döwürde bu teklipleri goldaýan beýanat bilen çykyş edipdi.



