Microsoft Windows 11 Insider Preview üçin täze gurluşlary çykardy. Täzelenmede Windows Search ulgamyna täze mümkinçilikler goşulyp, ulanyjylara maglumat gözlemek bilen bir hatarda käbir gündelik amallary hem göni gözleg penjiresinden ýerine ýetirmäge mümkinçilik berilýär. Täze funksiýalar häzirki wagtda esasan Experimental kanallarynda synagdan geçirilýär.
Search arkaly sazlamalary üýtgetmek
Täze Windows Search ulanyjylara ses derejesini, ekranyň ýagtylygyny we kursoryň ölçegini göni gözleg netijelerinden üýtgetmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem degişli hereketler has düşnükli görkezilýär we ulgam ulanyja ýerine ýetirip boljak goşmaça amallary teklip edýär. Şeýlelikde, käbir sazlamalary üýtgetmek üçin aýratyn menýulara girmegiň zerurlygy azalýar.
Telefon bilen täze mümkinçilikler
Phone Link arkaly Windows-a birikdirilen goldanylýan smartfonlar üçin hem täze hereketler peýda boldy.
Ulanyjy kompýuterden jaň edip, tekst habaryny iberip ýa-da telefonda «Do Not Disturb» režimini işjeňleşdirip biler. Häzirki wagtda bu mümkinçilik Android enjamlarynda elýeterli, iPhone goldawy bolsa 2027-nji ýylyň başlarynda garaşylýar.
Gözleg netijeleri giňeldildi
Microsoft Search netijeleriniň maglumat taýdan hem baýlaşdyrylandygyny habar berdi.
Indi ulanyjylar faýllary öňünden görüp, olaryň soňky üýtgedilen senesi, ýerleşýän ýeri we awtory baradaky maglumatlary alyp bilerler. Gözlegde howa, birža we dürli maglumatlar baradaky web jogaplary, şeýle hem Microsoft Store-daky programma we oýunlar hem görkezilip bilner.
Netijeleri Files & Folders, Settings, Actions ýaly bölümler boýunça süzmek hem mümkin.
Ulanyjynyň pikirine has köp üns berilýär
Täze ulgamda gözleg netijelerine baha bermek mümkinçiligi hem giňeldildi. Ulanyjy netijäniň peýdalydygyny «barmak ýokary» ýa-da «barmak aşak» belgileri arkaly görkezip biler.
Microsoft-yň bellemegine görä, ulanyjylaryň pikirleri Windows Search-iň görnüşini we işleýşini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ulanylar.
Kärhanalar üçin täze gizlinlik düzgüni
Microsoft täzelenme bilen birlikde kärhana müşderileri üçin Feedback Hub boýunça täze Intune syýasatyny hem hödürledi.
Bu syýasat işjeňleşdirilende, guramanyň işgärleriniň iberen seslenmeleri köpçülige açylmaýar we şol guramanyň daşyndaky ulanyjylar bilen paýlaşylmaýar. Maglumatlara Microsoft we degişli guramanyň ulanyjylary girip bilýär.
Windows Search-iň täze ugry
Microsoft-yň täze çemeleşmesi Windows Search-i diňe maglumat tapýan gural bolmakdan çykaryp, gündelik işleri göni ýerine ýetirýän interfeýse öwürmäge gönükdirilýär.
30-njy oktýabrda çykarylan täze Insider gurluşlary bu ugruň ýene bir tapgyry bolup durýar. Şeýle-de bolsa, Microsoft bu mümkinçilikleriň heniz synag tapgyryndadygyny, olaryň geljekki Windows wersiýalarynda üýtgedilip, aýrylyp ýa-da giňeldilip bilinjekdigini belleýär.
Täze gurluşlar: Beta — 26220.9836, Experimental — 26340.9843, şeýle hem 26H1 we Future Platforms üçin birnäçe aýratyn gurluş çykaryldy.


