Günorta Koreýanyň WIRobotics kompaniýasy adamlar bilen bilelikde işlemek we öý şertlerine uýgunlaşmak üçin döredilen täze ALLEX humanoid robotyny hödürledi.
Tanyşdyryş KOREATECH şäherçesindäki Robotika innowasiýa merkezinde geçirildi.
ALLEX-iň döredijileri muny diňe buýruklary ýerine ýetirmän, eýsem adamlar bilen “tebigy we howpsuz” täsirleşýän robotlara tarap ädim diýip atlandyrdylar.
Robodyň mümkinçilikleri
Robot dürli ugurlarda ulanylyp bilner: önümçilikden öý hojalygyna we lukmançylyk kömegini berip bilýär. Onuň tapawutly aýratynlygy onuň duýgurlygydyr we datçiksiz hereketlenip bilýär we adam ýaly fiziki gatnaşyga jogap bermekdir.
Esasy aýratynlyklary:
- Näzik hereketleri ýerine ýetirmäge we 30 kg çenli ýük götermäge ukyply gol;
- Agyr işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän agram öwezini dolmak ulgamy;
- ALLEX-iň agramy bary-ýogy 5 kg, ýöne bir elinde 3 kg-dan gowrak göterip bilýär.
Mümkin bolan ugurlar giňdir: garrylara kömek etmek, zawodlarda işlemek, öý kömegi (mysal üçin, eşikleri ýygnamak ýa-da içgiler guýmak).
WIRobotics kompaniýasy bu roboty modully platforma hökmünde döretdi – ony diňe eli, penjesi ýa-da tutuş bedeni bilen ulanyp bolýar. Kompaniýa şeýle robotlary 2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin elýeterli etmegi meýilleşdirýär.
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby
Aşyralyýewa Dursunaý


