German awiakompaniýalary H2Fly we Deutsche Aircraft 40 orunlyk wodorod uçaryny döretmegi meýilleşdirýärler. “New Atlas”-yň habaryna görä, uçary 2030-njy ýyla çenli bejerip taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Uçar 520 km/sag tizlik bilen 1850 kilometre çenli uçup biler.
Wodorod uçarlary ähli elektrik uçarlaryndan has çylşyrymly dwigatel ulgamlaryna eýedir. Olary hem herekete elektromotorlar getirýär, ýöne elektrigi ýangyç elementlerinden wodorod bilen kislorodyň birleşmeginden alýarlar. Bu prosesiň dowamynda diňe suw bölünip çykýandygy sebäpli wodorodly uçarlar ekologiýa taýdan neýtral hasaplanylýar. Nemes kompaniýasy H2Fly eýýam 4 orunlyk wodorodly uçary döretdi. Ol ilkinji gezek 2016-njy ýylda uçuryldy. Uçar 200 km/sag tizlik bilen 1500 kilometre çenli uçdy.
40 adama niýetlenen wodorodly laýner 2030-njy ýylda peýda bolmagyna garaşylýar.Wodorodly uçarlary döretmekde beýleki Pipistrel, ZeroAvia kompaniýalary hem iş geçirýärler.
Dünýä Bazarbaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby