Hytaýda ilkinji gezek wodorody gün energiýasyndan peýdalanyp duzly suwdan bölüp aldylar.
Hytaýyň nebithimiýa kompaniýasy SINOPEC, gün elektrik stansiýasy arkaly duzly suwdan wodorod öndürmek boýunça ýurduň ilkinji gözleg we ösüş taslamasyny tamamlady.
Neşiriň awtorlary: “Hytaýyň deňiz suwundan wodorody senagat taýdan öndürmek boýunça ilkinji gözleg taslamasy tamamlandy”. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden her sagatda 20 kub metr wodorod öndürilip bilinjekdigi aýdyňlaşdyryldy. Taslamanyň kenarýaka sebitlerinde başlamagy meýilleşdirilýär. Zawodyň ýüzýän gün elektrik stansiýasy wodorod öndürmek üçin ulanylar.
Deňiz suwlaryndan wodorod öndürmek tehnologiýasy senagat taýdan giňden ulanylmagy meýilleşdirilýär. Dekabr aýynyň başynda, Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň alymlarynyň metanyň zyňyndylaryny peýdaly polimerlere öwürmegi öwrenendikleri mälim boldy.
Täçmämmedowa Güldesse,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby