«Xiaomi» kompaniýasy 2024-nji ýylyň awgust aýynda global smartfon satuwy boýunça «Apple» şereketinden öňe geçip, ikinji orny eýeledi we 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek uly üstünlige eýe boldy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm neşiri rus dilindäki sahypasynda habar berdi.
«Counterpoint kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, awgust aýy üçin häsiýetli bolan satuwyň umumy pese gaçyşy döwründe «Xiaomi» kompaniýasy, aýratynam, Latyn Amerikasyndaky satuw çäreleriniň netijesinde ösüş gazanmagy başardy.
Onuň bu üstünligi täze önüm strategiýasy we Hindistan hem Günorta-Gündogar Aziýa ýaly esasy bazarlarda ornuny berkitmegi bilen baglanyşdyrylýar. Kompaniýa dürli baha segmentlerinde flagman gurluşlaryny çykarmaga ünsi jemledi, bu hem oňa diňe bir başlangyç we orta segmentlerde däl, eýsem premium segmentinde-de öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berdi. Islegiň ösmeginde «Redmi 13» we «Note 13» ýaly 200 dollara çenli baha aralygynda gymmat bolmadyk modeller möhüm rol oýnady.
«Şu ýyl Xiaomi bir segmentde birnäçe gurluş çykarmagyň deregine her baha segmentinde belli bir flagman modelini döretmäge ünsi jemläp, has çeýe önüm strategiýasyny kabul etdi. Mundan başga-da, kompaniýa täze bazarlara çykmagyny dowam etdirmek we bar bolan bazarlarda ornuny berkitmek bilen, satuw we marketing tagallalaryny has işjeňleşdirdi» – diýip, kompaniýanyň gözlegler boýunça müdiri Tarun Pathak belledi.
Awgust aýynda «Apple» kompaniýasynyň satuwynyň peselmegi sentýabr aýynda täze «iPhone» modelleriniň çykmagyna garaşylmagy bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýa «iPhone 16» smartfonynyň relizinden soň ýene öňe çykyp biler.