Xiaomi kompanýasy sowuk möwsüminde uky we rahat dynç almak üçin täze önüm – Mijia Smart Electric Blanket hödürleýär. Bu elektrik ýapynja diňe gyşyň sowuk gijelerinde ýylylygy üpjün etmän, arassaçylyga we howpsuzlyga gözegçilik edýär.
Ýapynjanyň aýratynlyklary
“Mijia Smart Electric Blanket” ýumşak, ýokary hilli mahmal örtügi we içinde görünmeýän ýyladyş elementleri bar. 80 Wt ýorgan iki spirally ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Howpsuzlyk funksiýalary şulary öz içine alýar:
- aşa gyzmakdan goramak;
- gysga utgaşmany goramak;
- artykmaç ýükden goramak;
- çagalaryň howpsuzlygy tertibi;
Täze enjamyň üpjünçiligi
Ýapynjanyň ululygy 1,8 × 0,8 metr, ony düşekde hem goýup bolýar.
Ýapynjanyň “mikrob öldürmek” režimi bar: bu funksiýany işjeňleşdireniňizde, ýorgan 65 ° C-de iki sagatlap işlär we mikroblary we zyýan berijileri öldürer. Ýapynja 15 sagat ulanylmasa, howpsuzlyk sebäpli awtomatiki usulda öçýär.
“Mijia Smart Electric Blanket” energiýa tygşytly: bir gije ulanylanda takmynan 0,7 kWt energiýa sarp edýär. Içerki ýyladyş liniýasy 25,000 egilenden soňam bozulmaz, ýorgan işleýän wagty ses derejesi bary-ýogy 25 dB bolup, ukyda ýaramaz täsir etmeýär.
Ýapynja hem Xiao AI ses kömekçisi bilen birleşdirildi. Ulanyjy ony açmak, öçürmek we temperaturany sazlamak ýaly Mijia programmasy arkaly funksiýalaryny uzakdan işjeňleşdirip biler.
Saparbaýew Didar
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby




