«Xiaomi» kompaniýasynyň «Redmi Note 14 Pro+» modeli smartfon bazarynda iň gowy satuw netijesini görkezdi. Bu barada «ixbt.com» internet neşirinde habar berildi.
Maglumatlara görä, «Xiaomi» kompaniýasynyň subbrendi «Redmi Note 14 Pro+» akylly telefonynyň bazara çykan ilkinji hepdesinde 2024-nji ýylda Android smartfonlarynyň arasynda iň gowy satuw netijesini görkezipdir. Islegiň ýokarydygy sebäpli «Xiaomi» enjamyň ilkinji alyjylary üçin höweslenme meýilnamasyny uzaltmak kararyna geldi.
Höweslenmä ekrana bir ýyl, yzky tarap üçin bir ýyl, suwda zaýalansa bir ýyl, batareýa üçin bäş ýyl kepillik berilýär we haýsydyr bir mesele ýüze çyksa, 365 günüň içinde smartfony abatlamagyň ýerine çalyşmagy öz içine alýar.
Ýeri gelende aýtsak, örän gysga wagtda smartfon bazarynyň geçginli harydyna öwrülen «Xiaomi Redmi Note 14 Pro+» akylly telefony esasan-da özboluşly tehnologik aýratynlygy bilen müşderileriň ünsüni özüne çekdi.
Örän güýçli «Snapdragon 7s Gen 3» prosessory ornaşdyrylan «Xiaomi Redmi Note 14 Pro +» modeli 120Hz täzelenme tizligi, 6,67 dýuýmlyk AMOLED displeýi bilen üpjün edilendir.
Esasy aýratynlyklary, batareýanyň uzak ömrüni üpjün edýän 6200 mAh batareýany öz içine alýar. Optiki stabilizasiýa bilen 50 MP kamera, pes ýagtylyk derejesinde-de düşnükli surata düşmäge mümkinçilik berýär.
«Xiaomi Redmi Note 14 Pro +» smartfonynyň dizaýny:
Gara, ak, ýaşyl reňklerde elýeterli bolan «Xiaomi Redmi Note 14 Pro +» smartfony gabarasyny çyzgylardan we ownuk zeperlerden goraýan «Gorilla Glass Victus 2» bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem, smartfonda IP68 / IP69K goragy bar, bu suw degen ýagdaýynda suwa garşy durmaga we tozandan goramaga mümkinçilik berýär. Galyňlygy 8,7 mm we agramy 210.8 g bolan «Xiaomi Redmi Note 14 Pro +» modeli gabarasynda we ýüzünde ulanyjynyň barmak yzlaryny galdyrmaýan, örän howpsuz enjamdyr.