Elektroulaglaryň iň köp öndürilýän we satylýan ýurdy bolan Hytaýda bu ugurda täze tehnologiýalar hem işlenip taýýarlanýar. Ýurduň «XPeng» kompaniýasy 5 minutlyk zarýady bilen 300 kilometre ýetjek zarýad berýän bekedi işläp taýýarlady. S5 atly zarýad bekediniň 800 kW kuwwaty bolup, elektroulaglara bir sekuntda bir kilometrden gowrak ýoly geçmäge ýetjek zarýad berip bilýär. Täze zarýad bekediniň täze ýylyň üçünji çärýeginde satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Bu barada «3dnews.ru» neşiri habar berdi.
Elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagyndaky päsgelçilikleriň biri zarýad beketleriniň ýaýrawynyň azdygy hem-de bu ulaglara zarýad bermegiň köp wagt alýandygydyr. Zarýad beketleriniň ýaýramagy hem-de has çalt zarýad berýän tehnologiýanyň peýda bolmagy bilen daşky gurşaw üçin zyýansyz ulaglaryň satuwynyň has-da artmagyna garaşylýar.