Täze Toyota RAV4 – Toýotanyň «Nol pida, nol heläkçilik» atly täze konsepsiýany durmuşa geçirmekde ilkinji ädim boldy.
Täze Toyota RAV4 krossoweri Ýaponiýada we ABŞ-da satuwa çykarylýar. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu modeliň tehnologiýa taýdan kämilleşdirilmegi Ýapon markasynyň geljekki akylly ulaglar üçin esas döreder.

Esasy täze aýratynlyklara 5G birikmesi, kämilleşdirilen ses dolandyryş ulgamy, howa arkaly täzelenmeler we Toyota Safety Sense (TSS) howpsuzlyk ulgamlarynyň şu güne çenli iň ösen wersiýasy girýär.
Modeliň baş inženeri Ýosinori Futonogane kompaniýanyň heläkçiligiň öňüni doly alyp biljek awtomobilleri döretmegi maksat edinýändigini we RAV4 krossoweriniň bu ýolda başlangyç ädimdigini belledi. Hususan-da ol: «Biz has takyk kabul edişi we has netijeli reaksiýany üpjün eder ýaly bar bolan Toyota Safety Sense ulgamy bilen öňki wersiýalardaky ähli maglumatlary birleşdireris » – diýip aýtdy.

Şeýle-de, Toyota sürüjileriň ýoldan ünsüni sowmazdan köp hereket edip bilmegi üçin ses arkaly dolandyryşy ösdürmek isleýär.
Täzelenen RAV4 diňe bir meşhur krossoweriň restaýlingi hökmünde däl-de, sürüjä kömek ulgamlary bilen sensorlardan we kameralardan alynýan maglumatlaryň intellektual işlenilmegini birleşdirýän täze nesil awtoulaglary üçin esas hökmünde göz öňünde tutuldy.



