Ýaponiýanyň Bilim, Medeniýet, Sport, Ylym we Tehnologiýa ministrligi (MEXT) «Fugaku» superkompýuteriniň mirasdüşerini döretmek meýilnamasyny yglan etdi diýip, «Nikkei» neşirine salgylanýan «Hi-Tech» habar berdi.
«Fugaku Next» diýlip atlandyrylan täze superkompýuter 50 ekzaflop we käbir ýagdaýlarda zettaflop derejesine ýetip biler. Täze ulgam, Fizika we himiýa gözleg instituty (RIKEN) we «Fujitsu» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüler.
«Fugaku Next» atly iň güýçli superkompýuteri 2030-njy ýyla çenli satuwa çykarmak meýilleşdirilýär. Täze enjamda köp ýadroly Armv9 prosessorlary, HBM ýady we PCIe 6.0 we CXL 3.0 interfeýsleri ýaly ösen tehnologiýalar ulanylar.
«Fugaku Next» emeli aň, ylmy açyşlar we global meseleler boýunça gözleg geçirmek üçin güýçli gural bolar.