Tehnologiýa dünýäsiniň geljegi hökmünde görülýän kosmos we hemra çözgütleri gün-günden ösmegini dowam etdirýär. Sputnik tehnologiýalary bilen baglanyşykly möhüm täzelik Ýaponiýadan geldi. Ýaponiýanyň alymlary kosmosa agaçdan ýasalan emeli hemrany uçurandyklaryny habar berdiler.
Takmynan 400 kilometr belentlikde ýeriň daşyndan aýlanjak bu hemra arkaly gözlegçiler, kosmos şertleri üçin agaçlaryň çydamlydygyny ýa-da ýokdugyny öwrenerler. Duşenbe güni gije uçurylan “LignoSat” agaç hemrasy ilki bilen “SpaceX” halkara kosmos stansiýasyna baryp ýeter.
Soňra orbitada goýberiljek “LignoSat”, agaçlaryň 6 aýlap enjamlary arkaly agyr kosmos şertlerine çydamlylygyny ölçer. Agaç hemra taslamasy 2020-nji ýylda Kýoto uniwersitetiniň gözlegçileri we Sumitomo Forestry agaç kompaniýasy tarapyndan işlenip başlandy.
2022-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasynda kosmos gurşawyna 240 günden gowrak täsir eden ösen agaç hemrasynda synaglar geçirildi. Gözlegçiler bu taslamada ulanmak üçin Magnoliýa agajynyň bir görnüşi bolan Hoonokini saýladylar. Hoonokiniň ileri tutulmagynyň sebäpleri, onuň ýokary işleýşi, durnuklylygy we umumy berkligi bilen öňe çykýar.