Täze gurluş 75 ýyldan gowrak wagt bäri işleýän agaç bekediniň ýerini aldy. Dünýäde ilkinji 3D printerde çap edilen demir ýol menzili Ýaponiýada alty sagadyň içinde guruldy.
3D printer tehnologiýasy arkaly döredilen dünýädäki ilkinji demir ýol menzili Osakanyň günortasyndaky Arida şäherinde açyldy. Täze gurluş 75 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmat eden agaç bekediniň ýerini aldy.
Stansiýanyň gurluşy
Gurluşyk işleri bary-ýogy alty sagat dowam etdi — bu iş soňky otlynyň gidişi bilen birinjisiniň gelmegi arasynda gije geçirildi. Boýy 2,6 metr we inedördül 9,3 metr bolan stansiýa demir betondan gurlupdyr. Onuň dizaýnynda ýerli önümleriň nyşanlary bolan mandarinler we balyklar bar.
Adaty bolmadyk taslama
Taslama Günbatar Ýaponiýa demir ýol kompaniýasy (JR West) we Serendix gurluşyk firmasy bilen bilelikde amala aşyryldy. JR West-iň sekretarynyň pikiriçe, adaty gurluşyk işleri iki aýdan gowrak wagt alardy we iki esse gymmat düşerdi.
Kumamoto prefekturasyndaky (welaýatyndaky) zawodda 3D printeri ulanyp, gurluş elementlerini çap etmek üçin ýedi gün gerek boldy. Soňra stansiýanyň guruljak we bir gije ýygnaljak ýerine äkidildi. Täze stansiýa demirbeton binalaryň standartlaryna laýyk gelýän seýsmiki garşylyga eýe.
Esasy bina taýýar bolsa-da, bilet maşynlaryny we turniketleri oturtmak boýunça işler alnyp barylýar. Wokzal 2025-nji ýylyň iýul aýynda ýolagçylar üçin açylar diýlip garaşylýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 3nji ýyl talyby
Sylapowa Bahar