Ýaponiýanyň Yukai in Engineering kompaniýasy Nekojita FuFu atly ajaýyp kiçi robot öndürip başlady.
Enjam gyzgyn içgileri we iýmitleri çalt sowatmak üçin döredilen kiçi robot bolup, suwuklygyň temperaturasyny 3-5 minutda ep-esli peseltmäge kömek edýär. Gyzgyn çaýy ýa-da kofeni çalt sowatmak isleýän ulanyjylar üçin gaty amatly we peýdaly bolup biler.
Gadjetiň ady, yssylygy halamaýan we dillerini ýakýan adamlary suratlandyrmak üçin ulanylýan neko-jita (sözme-söz «pişigiň dili») sözünden gelip çykýar. FuFu bolsa, gyzgyn çaý ýa-da iýmit sowadynymyzda edýän sesimizi aňladýan fonetik söz.
Ak pişik görnüşindäki bu kiçi gadjet gaty ýeňil we ulanmaga oňaýlydyr. Içinde sowuk howa akymyny üpjün edýän sowadyjy enjam oturdylandyr.
“FuFu” -ny ulanmak gaty aňsat, işe başlamak üçin diňe bir düwmä basmaly. Enjam zarýad berilýän batareýa bilen işleýär we dürli ululykdaky gaplara aňsatlyk bilen birikdirilýär.
Bu oýlap tapyş Japanaponiýanyň CES-2025 tehnologiýa sergisinde ilkinji gezek görkezildi we ýapon öndürijileri ony köpçülige hödürlemegi maksat edinýärler. Ýakyn geljekde bu enjamy köpçülikleýin öndürilip bilner.
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Allamyradow Şazada