Ýaponiýada tomus paslynyň ýylsaýyn has yssy geçmegi bilen kompaniýalar yssy howanyň täsirini azaltmaga gönükdirilen has täsirli we innowasion çözgütleri hödürleýärler. Şolaryň biri hem Do Hiemon Box diýlip atlandyrylýan, bir adamlyk sowadyjy kabinadyr. Daş keşbi boýunça äpet sowadyja meňzeýän bu enjam, diňe adam bedenini sowatmak üçin niýetlenendir.
Do Hiemon Box – adamlar üçin döredilen sowadyjy
Ýaponiýanyň sowadyş ulgamlaryny we awtomat enjamlaryny öndürýän SDRS kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan, senagat enjamlaryny üpjün ediji Trusco Nakayama tarapyndan bazara çykarylan bu kabina, Ýaponiýada giňden ulanylýan sowadyjy içgiler awtomatlaryndan ylham alnyp döredildi.
Enjamyň içki temperaturasy hemişelik 15 °C derejesinde saklanýar. Ulanyjy kabina giren badyna salkynlygy duýýar. Oturandan soň bolsa, takmynan 5 °C çenli sowadylan howa kelle, boýun, eginler we arka tarapyna ugradylyp, bedene dessine salkynlyk berýär.

Bary-ýogy 5 minutda bedeni sowadýar
Öndürijiniň maglumatyna görä, ulanyjy 5 minutyň dowamynda bedeniniň ep-esli sowandygyny duýýar. Kabinada takmynan 10 minut bolmak bolsa, bedeniň temperaturasyny çalt peseldip, yssy howadan döreýän ýadawlyk we gyzma alamatlaryny ýeňilleşdirmäge kömek edýär. Bu aýratynlyk, esasan hem ýokary temperaturaly şertlerde zähmet çekýän işgärler üçin örän peýdalydyr.
Pes energiýa sarp edýär
Do Hiemon Box ulanyja üç dürli howa akymy we sowadyş tertibini saýlamaga mümkinçilik berýär. Bedeniň aşa sowamagynyň öňüni almak maksady bilen enjam 20 minutdan soň awtomatiki usulda öçýär.
Kabinanyň ýene bir möhüm aýratynlygy onuň adaty spot kondisioner bilen deňeşdirilende iki esse az energiýa sarp etmegidir. Ony gurnamak talap edilmeýär, hem içerde, hem-de daşarda ulanyp bolýar. Şeýle hem enjam tigirleriň üstünde ýerleşdirilendigi sebäpli zerur ýere aňsatlyk bilen geçirilýär.
Bahasy – 9 200 ABŞ dollary
Do Hiemon Box Ýaponiýada senagat enjamlaryny paýlaýjy kompaniýalar arkaly satuwa çykaryldy. Onuň adaty görnüşiniň bahasy salgyt hasaba alynmazdan 1,5 million ýena ýa-da takmynan 9200 ABŞ dollary barabardyr.
Häzirki wagtda bu önüm öý ulanyjylaryndan has köp kärhanalar, edaralar we guramalar üçin niýetlenendir.

Esasy tehniki görkezijileri:
Boýy: 2029 mm
Ini: 931 mm
Agramy: 293 kg
Üç derejeli howa akymy sazlamasy
20 minutdan soň awtomatiki öçüriliş ulgamy
Adaty spot kondisionerden iki esse az energiýa sarp edýär
Gurnamak zerur däl, tigirleriň kömegi bilen aňsat süýşürilýär



