Ýaşyl ykdysadyýet, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň we täzelenip durýan energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyny maksat edinýän bir ekonomik ulgamy aňladýar. Bu ulgam, ekologiýa bilen deňagramlylykda ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşyl ykdysadyýetiň geljekde öňe gitmegi, tebigaty gorap saklamak bilen bir hatarda, täze iş orunlaryny döretmek, energiýa tygşytlamak we durnukly ösüşi gazanmak üçin uly mümkinçilikleri döreder.
Ýaşyl ykdysadyýetiň esasy ýörelgelerinden biri, täzelenip durýan energiýa çeşmelerine, şol sanda gün, ýel, suw we biomassa energiýasyna geçmegidir. Bu bolsa, nebit we gaz ýaly tebigy ýerasty baýlyklary tygşytlamak üçin örän uly mümkinçilik döredýär.
Täzelenip durýan energiýa ulgamlary, hem ekologiýa taýdan arassa, hem-de ykdysady taýdan bähbitli bolar. Bu ugurda, dünýäde we Türkmenistanda täze ulag we energiýa taslamalary, täze iş orunlarynyň döremegini üpjün eder. Ýaşyl ykdysadyýetiň geljegi, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ösdürilmegi we peýdalanyşynyň artdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu tehnologiýalar, ähli pudaklarda, hususan-da oba hojalygy, senagat we gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli ulanylýar. Elektromobil ulaglar, ekologik taýdan arassa ulaglar, biologiki taýdan arassa önümçilik we suw tejribe ulgamlary bu ugurda giňden ösdürilýän tehnologiýalardyr. Ýaşyl ykdysadyýet, suwuň tygşytly ulanylyşyny we suw serişdeleriniň durnukly dolandyryşyny maksat edinýär.
Bu ugurda suw tejribe tehnologiýalary, suwaryş ulgamlarynyň täzelenmegi we suw ulanyşynyň has tygşytly ýollar bilen dolandyrylmagy, geljekde ykdysadyýetiň öňe gitmegini üpjün eder.Ýaşyl ykdysadyýetde biologiki dürlüligiň saklanmagy, toprak we suw serişdeleriniň netijeli ulanylyşy, we howa goragy ýaly meseleler möhüm orun eýeleýär. Bu, ekosystemanyň durnuklylygyny we ekologiýa taýdan arassa önümçiligi üpjün etmek üçin geljekde möhüm mümkinçilikdir.
Ýaşyl ykdysadyýet diňe bir ekologiýa däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegine-de sebäp bolýar. Täze tehnologiýalar, taslamalar we ulag ulgamynyň täzelenmegi, ýaş nesliň täze hünärlere taýýar bolmagyny we ekologiýa taýdan arassa senagatlarda işiň döredilmegini üpjün eder.
Kerki ARAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby