FGUP NAMI kompaniýasy “NAMI Self-Driving System” sürüjisiz transportlaryň ählumumy ulgamyny hödürledi. Ol islendik ýeňil, ýük awtoulagynyň ýa-da robot transportynyň hereketini awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenendir.
“NAMI Self-Driving System” ulgamyny döretmek üçin NAMI-iň öz programma üpjünçiligi, algoritmleri, neýrotorlary we okuw bazalary ulanyldy. Ylmy-barlag instituty, özbaşdak döredilen sanly kartalar we nawigasiýa ulgamlary üçin dürli mümkinçilikler sebäpli programma üpjünçiligi toplumynyň dünýäde iň takykdygyny öňe sürýär.
“Biziň işimiz islendik ýolagçy ýa-da ýük we robot ulaglarynda gurnalyp bilner. Ulagy işläp düzüş tapgyrynda «NAMI Self-Driving System»- ulgamynyň çuňňur integrasiýasy hem bar»-diýdi.
Ulgam eýýäm köpçülikleýin ýollarda, daşary ýurt we ýerli awtoulaglarda, şol sanda LADA Vesta-da hem synagdan geçirildi.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby